10-12 Oktýabr 2025
Sergi we ylmy maslahat
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi
10.10.2025
Aşgabat,Türkmenistan
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, häzirki zaman lukmançylygynda gazanylýan tejribeler işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.
Serginiň geçirilýän ýeri
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143
Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabr aralygynda - 09:00 – 18:00
Guramaçylyk topary: + (99312) 398881, 398882, 448406
Jogapkär wekili: Göwher Rejepowa
Habarlaşmak üçin : +993 12 39-88-84: Mob: +993 64 46-00-09
Email: sergi5@cci.gov.tm
Sergä gatnaşyjylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrligi
Habarlaşmak üçin : +993 12 760616; 761113
Email: belligealysh@centreg.gov.tm
Net Fuar Organizasyon Ltd.Sti / Net Gurama
Habarlaşmak üçin : +90 212 272 61 20
Email: net@netorganization.net
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlary kompaniýalary, işewürleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary.
Eksponatlar.
Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlener.