Bildirişler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly

«Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergisi

Card image cap
Dowam edýän senesi:

24-25 Maý 2025

Başlaýan wagty:

24.05.2025

Çäräniň görnüşi:

Halkara sergi

Guramaçy:

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Salgysy:

Aşgabat, Türkmenistan

Giriş.

Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de Arkadag şäheriniň gurulmagyna, “akylly” şäher tehnologiýalarynyň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellärliklidir.


Serginiň geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan.

Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 24-25-nji maý aralygynda - 09:00 – 18:00

Guramaçylyk topary: + (99312) 398881, 398882, 398884

Jogapkär wekili: Berdimyrat Pirliýew

Habarlaşmak üçin +993 12 39-88-82; Mob: +993 65 80-00-93

Email: sergi7@cci.gov.tm


Sergä gatnaşyjylar:

Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary hem-de işewürleri.


Тел.: +993 12 924022;

Email: ash.hakimlik@sanly.tm

info@ashgabat.gov.tm        

 

Eksponatlar.

Ýurdumyzda öndürilen, importyň ornuny tutýan dürli görnüşli gurluşyk harytlary, azyk önümleri, mebelleri, halkyň sarp edýän beýleki hojalyk harytlary bu serginiň esasyny düzerler.



Bildirişler

Hemmesi