PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

Sergileriň sanawy

№05 «Turkmenistan is open» atly maýa goýum forumy we sergisi

Giriş.

«Turkmenistan is open» atly maýa goýum forumynyň we sergisiniň geçirilmegi, döwletimiziň ileri tutulýan esasy maksatlarynyň biri bolup, daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmakdyr. Bu maksada ýetmekligiň ýeke-täk ýoly jemgyýetçilik, syýasy, hukuk we ykdysady durnuklylygy üpjün etmekdir.

 

Serginiň geçirilýän ýeri

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy

takmynan “Berkakar” myhmanhanasy.

Serginiň geçýän wagty: 2024-nji ýylyň 26-27-njy iýuny aralygynda 09:00 – 18:00

 

Sergä gatnaşyjylar.

Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary

 

Eksponatlar.

Ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlaryny, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümleri, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işlerinde, mebel önümlerini, gurluşyk materiallaryny, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary.