Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen
tanyşdy.
Döwlet
Baştutanymyzyň paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine tarap ugur alan uçarynyň
sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň asman giňişliginden geçip barýan
pursatlarynyň Milli Liderimizň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän täze
şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan
toý-dabaralara gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Dabara
ýygnanan hormatly ýaşulular arassa asmana ýaraşyk berip barýan laçyn keşpli
uçary ýüzlerine sylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolunyň ak, döwletli
işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler. Durmuşyň gül-gunçalary hasaplanýan
şadyýan körpeleriň joşgunly ýürek sözlerinde bolsa bagtyýar günleriň göwünleri
göterýän belent owazy öz beýanyny tapdy. Bu pursatlar tutumly toýuň
şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendigini alamatlandyrdy. Juwan
şäher, nurana säher, ak ýol, ak uçar ýeneki rowaçlyklaryň nyşany bolup, ajaýyp
sazlaşygy döretdi.
...Birnäçe
wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline
gelip gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary
garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak
patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
başlangyçlary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet
berilýär. Bu bolsa Ýewropanyň we Aziýanyň söwda-ulag ýollarynyň wajyp
çatrygynda ýerleşýän Türkmenistana üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek
üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň
düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu
ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda
döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa
menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary
resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün
edilendigini bellemek gerek.
Beýik
Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly
halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň
täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda oňyn tejribe toplady. Ýurdumyzyň
ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi
dünýä ykdysadyýetine ählumumy goşulyşmak ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr.
Soňra
hormatly Prezidentimiz maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň
çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary
döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, maslahata gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almaklary, toplumyň çägindäki
seýilgähde gezelenç etmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Mundan
başga-da, bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işi talabalaýyk ýola goýuldy.
Döwlet
Baştutanymyz wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň Türkmenistanyň
ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýdyp, Birleşen Milletler
Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň döwletimiziň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Mälim
bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu ýokary derejeli forumyň geçirilmegi
bilen baglanyşykly Kararnama kabul edildi. 57 döwlet bolsa onuň awtordaşy bolup
çykyş etdi. Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlardan, şeýle hem Milletler Bileleşigine agza beýleki döwletlerden ýokary
derejeli wekiliýetleriň, halkara we sebit guramalarynyň, parlamentleriň, maliýe
institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň
hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji
iýulynda gol çeken degişli Karary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge
gönükdirilendir. Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň arasynda bu maslahaty guramagyň tertibi hakynda Ylalaşyga gol
çekildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren guramaçylyk döwlet
toparynyň maslahatynda forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli meseleleriň
we wezipeleriň tutuş toplumyna garalandygyny bellemek gerek. Syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köp sanly çäreleriň
geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi öňde boljak maslahatyň esasy aýratynlygydyr.
Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi
üçin ähli zerur şertler döredildi.
Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň ýurdumyzda
geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip
çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýändigini we Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga işjeň gatnaşýandygyny
görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara
forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün
edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni
çäreleriň geçirilýän ýerine geldi.
Bu
ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guralmagy
meýilleşdirilýär. Soňky ýyllarda Awaza halkara derejeli duşuşyklardyr forumlaryň,
konsertleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde
guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga,
dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen
ýakyndan tanyşmaga ýardam berer. Dabaraly çäreler Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmäge, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge
gönükdirilendir.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni
diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we
ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak
dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli
görkezmeleri berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hemmelere işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Hormatly
Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek,
olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak
bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy. Häzirki wagtda dynç alşyň
naýbaşy mümkinçiliklerini özünde jemleýän döwrebap myhmanhanalar Hazaryň ajaýyp
kenaryna bezeg berýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar.
Ýakymly howa gurşawy, deňiz tolkunlary göwünleri galkyndyrýar. Halkara foruma
geljek myhmanlar bu täsinlikleriň ählisiniň şaýady bolarlar.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa
hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza
ugramak üçin Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly
Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Biraz
wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip
gondy.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna amala aşyran iş sapary BMG-niň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň
nobatdaky beýany boldy.
tdh.gov