PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň wekiliýeti Türki döwletleriñ söwda-senagat edaralarynyñ telekeçi Zenanlaryñ komitetiniñ Baş assambleýasynyñ 2-nji duşuşygyna we forumyna gatnaşdy

19.04.2024
Card image cap

2024-nji ýylyñ 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasynyñ Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriñ söwda-senagat edaralarynyñ telekeçi Zenanlaryñ komitetiniñ Baş assambleýasynyñ 2-nji duşuşygyna we forumyna  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan we bu edaranyň agzalaryndan düzülen wekilçilikli topar gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine agza ýurtlaryň zenan telekeçileriniñ milli ykdysadyýetde, söwda gatnaşyklarynda, sanly tehnologiýalar hem-de ekologiýa ulgamlarynda eýeleýän orny, şeýle hem olaryň bu ugurlarda alyp barýan işleri barada mowzuklaýyn pikir alyşmalar boldy.

Geçirilen forumyñ barşynda Türkmenistanly zenan telekeçileriň alyp barýan işlerine uly gyzyklanma bildirildi.

Türkiýe Respublikasynyñ Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriñ söwda-senagat edaralarynyñ telekeçi Zenanlaryñ komitetiniñ Baş assambleýasynyñ 2-nji duşuşygynyň we forumynyň ahyrynda zenan telekeçileriň agza ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmäge goşýan goşandynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň