Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Türkmenistanly önüm öndürijileriň söwda teklipleri

№1 «Mizemez gadam» HK

"Mizemez gadam" hususy kärhanasy meýilnamalaşdyryşdan we dizaýndan başlap, desgalaryň işe girizilmegine çenli, şeýle hem gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly işleri amala aşyrýar: bitumly gidroizolýasiýa materiallary, bitum mastiki, bitum emulsiýa mastiki, gury minomlar . Zawodyň önümleri gurluşyklarda giňden ulanylýar.

№2 «Altyn Bürgüt» HK

Iş ugry: Gök önümleri önümçiligi, plastik turbalar önümçiligi, plastik ýäşikler önümçiligi, polipropilen haltalar önümçiligi, toplumlaýyn senagat obýektler gurluşygy.
 

№3 «Aýdyň gijeler» HJ

Kompaniýa adaty rozetka bilen 3 wattdan 96 wata çenli lampalar, şeýle hem LED potol lampalary öndürýär.
2020-nji ýylyň başynda kompaniýa akylly telewizorlary ýygnap we satyp başlady. 32, 42, 55, 65 dýum we 4K Ultra HD durulykda LCD ekranly modeller hödürlenýär. Täze modeller tor hyzmatlary we zerur interfeýs bilen enjamlaşdyrylan.
“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda holodilnikler we suw sowadyjylary ýaly durmuş enjamlaryny synagdan geçirýär we öndürmegi meýilleşdirýär. Içerki bazardan başga-da ýakyn wagtda önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär. Gurnama tehnologiýasy we komponentleri Hytaýyň “Sin Hong Bo Trading Limited” kompaniýasy tarapyndan üpjün edildi.

 

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Tel: +993 12 34-67-95

       +993 61 46 30 12

E-mail: aydyngijeler.azat21@gmail.com

Web-saýt: aydyn-gijeler.com.tm

№4 «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda häzirki zaman tehnologiki enjamlarynda şu günki günde täze innowasion tehnologiýalaryň esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän aýna we dürli görnüşli aýna önümleri öndürilýär. Eksport üçin hödürlenilýän önümler: float dury aýna, aýna paketleri, taplanan aýna, ýüz görülýän aýna, laminirlenen aýna, örtük örtülen aýna hem-de çüýşe we banka görnüşleri.

Habarlaşmak üçin maglumatlar bar.
 

№5 HJ «Ak-gaýa»

Kompaniýa müşderilere 10,000-den gowrak gurluşyk materiýallary we esbaplary bilen üpjün edýär.
HJ «Ak-gaýa» - Türkiýäniň we Hytaýyň öňdebaryjy gurluşyk materiallaryny öndüriji kärhanalaryň Türkmenistandaky resmi dileri.

Habarlaşmak üçin maglumatlar bar
 

№6 <<Mizemez gadam>> HK

Kompaniýa şäher proýektini taýýarlamakdan başlap desgalaryň işe girizilmegine çenli doly iş tapgyryny ýerine ýetirýär we bitumly gidroizolýasiýa materiallary, bitum mastiki, bitum emulsiýa mastiki, gury minom ýaly gurluşyk materiallaryny öndürmekde öňdebaryjy kärhanalardan biridir. Kärhananyň önümleri senagat we raýat gurluşygynda giňden ulanylýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar bar.