Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ýurduň durmuşyndaky ähmiýeti

Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň durmuş-ykdysady syýasytynyň esasy ugurlarynyň biri bolan hususy pudagy goldamagyň ähmiýeti barada aýdyp geçdi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny we telekeçilik başlangyçlaryny goldamak maksady bilen hukuk, durmuş-ykdysady we maliýe gurallary döredilendir.  

Ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini ýola goýmak, bazarlary azyk önümleri bilen üpjün etmek, täze durmuş we ykdysady desgalaryň ýagny, söwda merkezleriniň, senagat kärhanalarynyň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň we ş.m. desgalaryň gurulmagynda ykdysadyýetiň hususy pudagynyň möhüm orny bar. 

“Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligi, Türkmenabat-Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň gurluşygy, şeýle-de başga iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň alyp barýan işlerini aýratyn belläsim gelýär” diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Bütindünýä söwda guramasynda Türkmenistana synçy derejesiniň berilmeginiň ýurduň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýändigini Ýurt Baştutany belledi. Türkmen jemgyýetiniň öňünde oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, ýer we suw serişdelerini maksada laýyk ulanmak ýaly möhüm wezipeler durýar. Bu meseleleri çözmek üçin hususy işewürligiň gatnaşmagynda döwrebap tehnologiýalaryň girizilmegi, munuň üçin bolsa ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagy zerurdyr.