Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Aşgabatda ýurduň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan köpçülikleýin gözden geçiriliş tamamlandy

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady. Baýramçylyk sergisine ýurduň halk hojalyk ulgamynyň öňdebaryjy gurluşlary we hususy kärhanalary gatnaşdylar. 

Sergi ― gazanylan üstünlikleri görkezmegiň, netijeli mahabaty guramagyň, täze hyzmatdaşlary tapmagyň, özara bähbitli şertnamalary baglaşmagyň, bazar gatnaşyklaryny bahalandyrmagyň we onda eýeleýän ornuňy anyklamagyň oňyn mümkinçiligidir. Mundan başga-da ol Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilen baş maksadyň durmuşa geçirilmegi üçin ykdysadyýetiň ösüşiniň ählitaraplaýyn görkezilişidir. Şonuň üçin-de köp sanly önümçilik we döredijilik toparlary içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak üçin innowasion tehnologiýalary hem-de nou-haulary özleşdirýärler. 

Ýurduň ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumynyň, şol danda «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatynda ýola goýlan tebigy gazdan benziniň önümçiliginiň, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň binýadynda täze sanly we IT tehnologiýalary, elektron ulgamlary we maksatnamalar ulanylýar. Täze ýokary tehnologiýaly usullardan «Türkmengeologiýa» korporasiýasynda we «Türkmenhimiýa» konserninde peýdalanylýar.

Täze eýýamda gazanan üstünlikleriniň ýokary derejesini ýurduň gurluşyk ulgamy hem serginiň myhmanlaryna açyp görkezdi.mundan başga-da sergä gatnaşyjylar saglygy goraýyş, bilim, dokma, bank, senagat, oba hojalyk, syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüşleri bilen hem tanyşdylar. Olaryň binýadyna ilkinjileriň hatarynda innowasion oýlap tapmalar, täze maglumat tehnologiýalary ornaşdyryldy. 

Sergi merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda iş alyp barýan iri kärhanalary bäsdeşlige ukyplylygy, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi, hyzmatlaryň täze toplumyny hödürleýändigi bilen aýratyn ünsi özünde jemledi. 

Sergide IT tehnologiýalaryň önümçiliginde öňdebaryjy orny eýeleýän «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň ösüşlerini görkezýän diwarlyklara uly orun berildi. Bu ýerde hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň ählisi ― döwrebap elektron we senagat tehnikalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şeýle hem sergä gatnaşyjylar «Täze energiýa» hususy kärhanasynyň gün modullalaryny guramakda alyp barýan üstünlikli işleri bilen tanyşdylar. 

Sergä gatnaşyjy düzümleriň ― halk hojalyk ulgamynyň öňdebaryjy gurluşlarynyň we hususy kärhanalarynyň alyp barýan işlerinde gazanan üstünlikleriniň hem ösüş derejesiniň görkezijileri Gazaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgatdyr.