Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. 

Serginiň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar. 

Dabaranyň barşynda ýurdumyzyň senagat pudagy tarapyndan ýerli önümleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Ýurdumyzyň çäginde hereket edýän hususy kärhanalar bolsa özleriniň önümleri we maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrarlar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň meýdançasynda ýeleşen bu köpugurly sergi hususy kärhanalary ösdürmek we goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeliligine şaýatlyk edýär. 

Işewürlik duşuşyklarynyň dowamynda ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylan üstünlikleriniň, pudagyň kuwwatlylygynyň we täze önümleriniň tanyşdyrylşy hem geçiriler.