Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti   Russiýa bilen yslam döwletleriniň hyzmatdaşlygy meseleleri sammitine gatnaşar

28-30-njy iýulda  Tatarystan Respublikasynda (Russiýa Federasiýasy)  “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021”  atly  XII  halkara ykdysady sammiti geçiriler. Oňa dünýäniň 48 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan wekiller gatnaşar. Sammitiň birinji gününde Türkmenistanyň Kazan şäherindäki  baş konsuly Atadurdy Baýramow  çykyş eder.  

Sammit onlaýn hem-de oflaýn  görnüşinde geçiriler.  Oflaýn  görnüşde guraljak  böleginde  tematiki sessiýalaryň 90-sy geçirilip,  olara dünýäniň ähli gatnaşyjy döwletlerinden  we Russiýanyň sebitleriniň 25-sinden wekiller gatnaşar. 

Çäräniň maksady Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasynda  söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, sosial  we medeni gatnaşyklary berkitmekden, şeýle-de  ýurtda yslam maliýe institutlarynyň  ösüşine ýardam bermekden ybaratdyr.  Sammite halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralaryň wekilleri, ilçihanalaryň işgärleri,  syýasatşynaslar we telekeçiler gatnaşar. 

Sammit sanitar-gigiýena  düzgünlerini berk berjaý etmek arkaly  geçiriler. 

2019-njy ýylda geçirilen sammitiň işine  dünýäniň 72 döwletinden  müňe golaý wekil gatnaşdy.