Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan nobatdaky sergi guralar


Card image cap

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 20-21-nji sentýabrda Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar.

Sergä milli ykdysadyýetimiziň döwlet we hususy ulgamynyň, senagat, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym hem bilim ugurlarynyň wekilleri gatnaşarlar. 

Däbe öwrülen baýramçylyk sergisi içerki we daşarky bazarlarda ýerli haryt-nyşanlarynyň işiniň hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň ilerlemegi üçin meýdança öwrülendir. Şeýle hem ol ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň gerimine şahsy baha bermäge mümkinçilik döredýär. Sergi işewürler bilen birlikde, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär.