Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81
Habarlaşmak
|
Dil saýlaň
Şu gün Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar.
Soňky ýyllarda sergide ykdysadyýetiň döwlete degişli pudaklary bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň eksport ugurly hem-de importyň ýerini tutýan önümçiligi ösdürmäge berýän goldawy netijesinde kemala gelen hususy ulgamyň – ministrlikleriň, edaralaryň, döwlet korporasiýalarynyň, senagat kärhanalarynyň, şeýle hem hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we hususy işewürligiň beýleki görnüşleriniň ösüşleri görkezilýär.
Sergi 20-21-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Onuň çäklerinde täze iş gatnaşyklaryny ýola goýmaga we Türkmenistanyň ykdysady görkezijilerini ösdürmäge ýardam berjek iş duşuşyklarynyň, görkezilişikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.