Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Türkmen paýtagtynyň golaýynda täze senagat zolagy dörediler


Card image cap

Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda täze senagat zolagy gurlar. 

Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer Batyr Atdaýew döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň häzirki wagtda hereket edýän toplumyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek teklibini ýetirdi.

Täze senagat zolagynyň çäginde eksport ugurly we import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri öndürjek kärhanalaryň birnäçesini açmak meýilleşdirilýär. Bu 10 müňden gowrak täze iş ýerleriniň döremegine, şeýle hem import harytlarynyň möçberini azaltmaga, türkmen harytlarynyň daşary döwletlere eksportyny artdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň golaýynda täze senagat zolagyny döretmek teklibini makullap, wise-premýer Batyr Atdaýewa bu taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly işlere badalga bermegi tabşyrdy.