Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Lebaply telekeçiler we senagatçylar eksporty ösdürýärler


Card image cap

Şu ýylyň 8 aýynda Lebap welaýatynyň telekeçileri umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 375 müň dollaryna deň bolan harytlaryny eksport etdiler. Bu barada jeyhun.news neşirinde habar berilýär. 

Welaýatyň işewürler toparyna eksport edijileriň 12-si,  şol sanda hususy kärhanalaryň 6-sy degişlidir. Türkmenistandan daşary döwletlere izogam, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndysy, akkumulýatorlar, hasa we beýlekiler ugradylýar. 

Alyjy döwletleriň hatarynda Owganystan, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý, Gazagystan, Belarussiýa, Özbegistan we Azerbaýjan bar.