Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasynda täze ulag geçelgesiniň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy


Card image cap

Türkmen wekiliýeti  ,,Özbegistan – Türkmenistan  - Eýran – Hindistan’’ ulag geçelgesiniň ösüşine bagyşlanyp geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Bu barada  UzDaily.uz habarlar agentligi belleýär.

Gepleşiklere Aziýa hem-de Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we durmuş toparynyň(ESKATO), Özbegistanyň maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.  

Taraplaryň arasynda täze ýol geçelgesiniň tehniki-ykdysady esasyny işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Täze ulag geçelgesini döretmäge Hindistanyň  we Özbegistanyň arasynda söwdanyň möçberiniň artmagy sebäp boldy.

Şeýle hem «Özbegistan – Тürkmenistan – Eýran – Hindistan» ulag geçelgesi Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň arasynda haryt dolanyşygynyň artmagyna ýardam eder.