15.11.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2019-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Şol görkezijiler bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe oňyn netijeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler netijesinde gazanyldy.
Şu ýylyň on aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Pariž şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy mejlisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Bilim ministriniň orunbasary A.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Baş Konferensiýa BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çykyşlaryndan başlandy.
Baş Konferensiýanyň birinji iş gününde 16 sany döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda ekologiýa we multilateralizme bagyşlanan meseleler boýunça baş ara alyp maslahatlaşmalar gurnaldy. Şeýle-de Baş Konferensiýanyň çäklerinde bilime we medeniýete bagyşlanan ýokary derejeli forumlar geçiriler.
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle-de Fransiýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilendir.
Baş Konferensiýa öz işini 27-nji noýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Miheil Ninuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlyk hem-de parlamantara gatnaşyklaryň netijeliligi barada aýdylyp geçildi.
Ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada gürrüň edilende Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň wajyp orny hem nygtaldy. Şunlukda, bu Toparyň çäklerinde döredilen Söwda meseleleri boýunça Iş toparynyň düýn geçirilen ikinji mejlisiniň netijeli geçirilendigi barada aýdylyp, onuň işine gatnaşmak üçin Gruziýanyň ýokary derejeli wekiliýetiň Aşgabat şäherine gelendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýalar we beýleki pudaklardaky hyzmatdalygyň şu wagtky ýagdaýyna hem-de geljegi uly ugurlaryna seredip geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar iki ýurduň hem-de halklaryn bähbidi üçin türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.

www.mfa.gov.tm

10.11.2019. Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde türkmen ekerançylary uly üstünlikler gazandylar. Ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dolandyryş ulgamyny hem-de obasenagat toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek işleriniň kämilleşdirilmegi, ekerançylyk işine bazar gatnaşyklarynyň oýlanyşykly ornaşdyrylmagy hem-de beýleki möhüm çäreler döwlet oba hojalyk syýasatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny hem-de bu ugurda anyk netijeleri şertlendirdi.

09.11.2019. Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ir ertir bilen köpsanly dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň eteginde ýygnandylar. Bu ýerde, türkmen tebigatynyň gözel künjeginde Günüň dogup gelýän wagty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine gelip saklanýar. Owadan milli lybasly gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri mähirli garşylaýarlar. Olar agaç nahallarynyň ekiljek ýerinde işe girişmäge taýýar bolup durlar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!