30.11.2019. Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. Maslahata hökümet agzalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamakda esasy ugurlar barada aýdyp, onuň baş maksadynyň pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, giň möçberli senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamakdan ybaratdygyny belledi.

01.12.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewür toparyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem karbamide («Türkmensenagat eksport-import» APJ) Owganystandan gelen täjirler isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Türkiýe we Pakistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 534 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Hindistandan, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 5 million 684 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçilerine içerki bazar üçin jemi bahasy 50 million manada golaý bolan nebit bitumy (TNGIZT), ýokary dykyzlykdaky polietilen («Türkmengaz» DK) we pagta-süýümi ýerlenildi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler.
Däp bolan surata düşmek dabarasyndan soňra “Kuksaroý” köşgüniň kiçi maslahatlar zalynda dar düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk başlandy.
Sammitiň gün tertibi syýasy, söwda-ykdysady, maliýe goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini, şeýle-de halkara meseleleriniň we sebit howpsuzlygynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmagy öz içine alýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda, Owganystanda ylalaşma prosesslerine ýardam bermek boýunça bilelikdäki işiň wajyplygyny belledi. Türkmen Lideri gepleşikler prosessine alternatiwanyň ýokdugy barada ynam bildirdi. Güýç bilen edilýän usullaryň bu meselede tersine bolup, netije bermeýändigini öňki tejribeler subut etdi.

27.11.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy, şeýle hem döwlet syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň tabşyryklaryna hem-de görkezmelerine laýyklykda, 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň gaýtadan seredilen taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gaýtadan seredilen resminamanyň taslamasy häzirki wagtda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» möhüm wezipelerini nazara almak bilen seljerildi.
Hökümetiň Başlygynyň orunbasary geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada hasabat bermek bilen, durmuş ulgamyny ösdürmäge serişdeleriň ýeterlik derejedäki möçberiniň goýberiljekdigini, şeýle hem aýlyk iş haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak üçin serişdeleriň goýlandygyny habar berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!