22.10.2019. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň şu güni dürli möhüm wakalara baý boldy.
Milli Liderimiziň Günüň dogýan ýurduna şu gezekki sapary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny görkezýän taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň we strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň üstünlikleri köp babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpüsiniň, şol sanda Ýaponiýanyň milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanmasynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Tokio we Aşgabat ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has amatly ugruny işläp taýýarladylar. Munuň özi ýurtlaryň her biriniň milli bähbitlerini we saýlap alan ýolunyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň öňünde durýan wezipeleriň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwre çenli iki döwletiň arasynda özara gatnaşyklaryň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol özüne ýurtlaryň Liderleriniň duşuşyklaryny we gepleşiklerini, şeýle hem türkmen-ýapon işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny birleşdirýär.

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Hirosaki Uniwersitetiniň rektory Keý Sato şu ýere gelenleriň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýakymly arzuwlaryny beýan edip, şu duşuşygyň ynsanperwerlik ulgamyndaky, ilkinji nobatda bolsa ylym ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde täze tapgyryň başlanmagyny dabaralandyrýandygy aýratyn belläp geçdi.

21.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.
Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar.
Milli Liderimizi Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahalynda türkmen Lideriniň kabulhanasy ýerleşen «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Ýaponiýa bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Saldamly kadalaşdyryjy –hukuk binýady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny goýdy, ol döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň uly toplumyndan ybaratdyr.

19.10.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, türkiýeli işewürler toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Irlandiýa, BAE-i, Gonkong, Türkiýe, Ermenistan, Özbegistan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 596 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-den, Gonkongdan gelen telekeçiler jemi bahasy 2 million 56 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million130 müň manatdan gowrak bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni, polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

18.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 21 — 23-nji oktýabrda Ýaponiýa meýilleşdirilen iş saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başyny başlan Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Bu dostlukly ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde ýola goýuldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolan kadalaşdyryjy hukuk binýady häzirki wagta çenli gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumy bilen berkidildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!