2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Türkmenistan – Bagtyýarlygyň watany» atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Sankt-Peterburg bölümi we «Меkan» türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky jemgyýeti geçirilen çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Suratkeşler birleşiginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat bolan döredijilik topary Türkmenistandan bardy. Dabaraly çärelere Leningrad oblast administrasiýasynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň merliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Sankt-Peterburgda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär.

31.10.2019. Today, members of the Government, heads of public organization as well as directors of universities paid visit to Döwletliler köşgi of the capital, which is located in picturesque foothill of the Kopetdag, to give excellent presents – the bicycles to the fosters on behalf of the President of Turkmenistan.
Enthusiastic mood and celebration atmosphere reigned in Döwletliler köşgi from the morning. The guests were welcomed by children, who have all conditions for successful study and mastering of modern knowledge as well as for substantial rest, interesting and useful leisure including art classes and sport exercises.
Having expressed gratitude to the President for fatherly care and attention from the depth of their hearts, the children wished strong health for long years and new outstanding success for the sake of the Motherland to the President.

30.10.2019. Ösüp gelýän nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar, çünki çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy aýratynlyklary, ruhy-ahlak gymmatlyklary we çelgileri kemala getirilýär.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary milli Liderimiziň adyndan çagalara ajaýyp sowgatlary — welosipedleri gowşurmak üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgüne bardylar.
Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

28.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda işleriň depgini barada hasabat berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!