
10.11.2019. Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde türkmen ekerançylary uly üstünlikler gazandylar. Ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dolandyryş ulgamyny hem-de obasenagat toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek işleriniň kämilleşdirilmegi, ekerançylyk işine bazar gatnaşyklarynyň oýlanyşykly ornaşdyrylmagy hem-de beýleki möhüm çäreler döwlet oba hojalyk syýasatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny hem-de bu ugurda anyk netijeleri şertlendirdi.