10.11.2019. Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde türkmen ekerançylary uly üstünlikler gazandylar. Ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dolandyryş ulgamyny hem-de obasenagat toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek işleriniň kämilleşdirilmegi, ekerançylyk işine bazar gatnaşyklarynyň oýlanyşykly ornaşdyrylmagy hem-de beýleki möhüm çäreler döwlet oba hojalyk syýasatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny hem-de bu ugurda anyk netijeleri şertlendirdi.

09.11.2019. Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ir ertir bilen köpsanly dabara gatnaşyjylar Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň eteginde ýygnandylar. Bu ýerde, türkmen tebigatynyň gözel künjeginde Günüň dogup gelýän wagty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine gelip saklanýar. Owadan milli lybasly gyzlar milli Liderimize ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri mähirli garşylaýarlar. Olar agaç nahallarynyň ekiljek ýerinde işe girişmäge taýýar bolup durlar.

09.11.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda baglaşylan geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de esaslyk ýagyny satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.
Russiýa, BAE we Gyrgyzystandan gelen işewürler daşary ýurt puluna nah ýüplük, haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 70 müň dollaryndan geçdi.
Russiýadan we BAE-den gelen telekeçiler manat serişdelerine 372 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

08.11.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Sebitleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň gazanan täze ýeňşi bilen ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan gutladylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň baş maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden Watanymyzyň gülläp ösüşiniň ygtybarly binýadyny berkitmekden ybaratdyr.

Oba hojalyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we köpugurly esasda ösdürilmegine, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň gurallarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň hasabyna pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak çäreleri işjeň dowam edýär.

08.11.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň edermen pagtaçylarynyň «ak altyn» hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ol oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi we ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, ony kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek ugrunda ähli zerur çäreler görülýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!