Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az wagtdan biz 2019-njy ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2020-nji ýyly garşylarys. Geçip barýan ýyl mähriban halkymyzyň durmuşynda düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz rowaçlygyň, zähmet ýeňişleriniň ýyly bilen hoşlaşýarys. Täze ýylyň garşy alynýan, birek-birege gowy arzuwlaryň aýdylýan pursadynda siziň ähliňizi Täze — 2020-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Täze ýylda hem size üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin!
Täze, 2020-nji ýyl — türkmeniň müçe hasabyndan syçan ýyly. Syçanyň esasy häsiýeti zähmetsöýerlik, işeňňirlik, kynçylykdan gorkmazlyk, töwekgellik bolup, ol arman-ýadaman işleýän jandar. Şonuň üçin hem syçan ýylynda bol hasyla garaşylýar. Mähriban halkymyz 2020-nji ýyly uly ynam bilen garşylaýar.

29.12.2019. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.
Ýapyk manežiň girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini tutuş kalby bilen kabul edýän milli Liderimiz ahalteke atlarynyň şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň asylly atşynaslyk däplerini ösdürmek hem-de dünýäde wagyz etmek ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi.
Mälim bolşy ýaly, ajaýyp künjekde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, bedewlere döwrüň ösen talaplaryna laýyk idegi üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň türgenleşikleri geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler we döwrebap manež bar.

28.12.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan gelen işewür toparlaryň wekillerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 426 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Türkiýe Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Kanadadan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 18 million 850 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 254 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

28.12.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalarynyň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutanymyz şeýle giň gerimli çärelere taýýarlyk görmek işlerine hut özi gözegçilik edýär. Munuň özi köp babatda şolaryň uly üstünlige eýe bolmagyny üpjün edýär. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabadyň myhmansöýerlik hem-de örän jogapkärçilikli kabul eden şu hem-de beýleki wekilçilikli ýaryşlary diňe bir Türkmenistanyň sport abraýyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara durmuşynyň, tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady we medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

27.12.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli «Mizan» täjirçilik merkezinde guralan erkin döredijilik dabarasyna gatnaşdy.
Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary hem-de beýlekiler ýygnandylar.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, tamamlanyp barýan 2019-njy ýylyň döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň taryhynda möhüm sahypa öwrülendigini belledi.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň köp sanly pursatlara, ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatyny, dünýä giňişligindäki belent abraýyny alamatlandyrýan taryhy wakalara beslendi.
Indiki, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy giňden we dabaraly belleniler.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!