08.01.2020. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, birnäçe desgalaryň taslamalary hem-de şäheriň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler bilen tanyşdy.
Wise-premýer Aşgabatda gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna elektrik energiýasy bilen üpjün etjek ulgama degişli desgalaryň taslamasyny hödürledi. Bu taslama ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, paýtagtymyzda gurulýan döwrebap binalary we desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik üpjünçilik meselesiniň çözülmeginiň bildirilýän baş talaplaryň hatarynda durýandygyny nygtap, şunda desgalaryň üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamynyň nazarda tutulmagynyň örän uly ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Bu ugurda tutuş paýtagtymyz boýunça hem öňde durýan wezipeler ýerine ýetirilende şol ýörelgeden ugur alynsa maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

06.01.2020. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny gecirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Mejlisde paýtagtymyzda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşyna garalyp, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.

04.01.2020. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamidi, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 11 million 418 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan we Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 1 million 123 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 201 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

01.01.2020. Şu gün Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy.

Bu körpeje Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä indi.

TDH agentligine Merkeziň işgärleriniň habar berişleri ýaly, çaganyň we enäniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly. Doglan oglanjygyň agramy 3 kilogram 610 gram, boýy 52 santimetr. Bäbejige Mekan diýlip at goýuldy.

Çaganyň bagtyýar ene-atalary--Annaýewleriň maşgalasy çagany we eneligi goldamak boýunça durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barýandygy, ösüp barýan ýaş nesiller hakynda alada edýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Munuň özi olaryň kalbynda mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny besleýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň 20-nji iýulynda açylandygyny bellemek gerek. Bu iri lukmançylyk edarasy ylmyň we tejribäniň esasy ugurlaryny özünde jemleýär.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

01.01.2020. Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär.
Şu günler paýtagtymyz hem owadan keşbe girip, Täze ýyl bezegleriniň ýalkym saçýan, köçeleriň, seýilgähleriň we meýdançalaryň millionlarça yşyklaryna beslendi. Agşamky şäher hakyky ertekä öwrüldi, bu erteki bolsa biziň her birimiziň kalbymyzda ýaşaýar. Çünki bu zatlaryň hemmesi biziň şatlygymyzy, aladamyzy we ünsümizi duýmak üçin birnäçe günüň dowamynda döredilen ajaýyplyklar bolup durýar.
Hut şeýle ýagdaýda, anyk işlerde, iş we baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge öz beýanyny tapýar. 2019-njy ýyl halkymyzyň ajaýyp zähmet üstünliklerine, ýurdumyzyň gazananlaryna beslenip, olar milli Liderimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady strategiýasy bilen şertlendirilendir.
Ine-de, ýyllaryň çalyşýan pursadyny garşylamak wagty gelip, Watanymyzyň ykbalynda we ýyl ýazgysynda täze döwrüň başlanmagyny alamatlandyrdy. 2020-nji ýyla gadam basmak hem-de geljege dostlukly we şatlykly geçilmegini täze güýçler, gujur-gaýrat, uly meýiller hem-de olary amala aşyrmaga taýýarlyk bilen şatlykly bellemek üçin Türkmenistanda ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji dekabr senesini dynç alyş güni diýip yglan etmegi hem şoňa şaýatlyk edýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!