Türkmenistanda Gurban baýramy bellenilip başlandy. Ol üç günüň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça giňden belleniler. Asylly däbe görä, baýramçylygyň birinji gününde irden paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ähli metjitlerinde Baýram namazy okalýar.
Bu nurana baýramçylyk mynasybetli adamlar hökmany suratda özleriniň ýakynlarynyňka, dostlarynyňka we goňşularynyňka myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler, sadaka berýärler, her bir öýde saçaklar giňden ýazylýar.
Gurban baýramynyň hormatyna uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Hemme ýerlerde — paýtagtymyzyň we welaýatlaryň seýilgählerinde, medeni we dynç alyş merkezlerinde baýramçylyk çäreleri hem-de konsertler geçirilýär. Aýratyn hem baýramçylyk mynasybetli gurnalan beýik hiňňillikleriň ýany köp adamly bolýar. Olar Gurban baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Hiňňillikler yslam dinine uýýan beýleki halklarda duş gelmeýär. Hiňňillikleriň golaýynda döredilen sahnalarda meşhur estrada aýdymçylary, folklor we tans toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler.
Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasynda haj parzyny berjaý etmek üçin Türkmenistandan zyýaratçylaryň Mekgä we Medinä ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak däp-dessurlaryna ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär, her bir millete, her bir halka zerur bolan umumadamzat medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary we umumymilli mukaddeslikleri wagyz etmäge ýardam edýär.

http://tdh.gov.tm

03.09.2017. At the auctions of the State Commodity and Raw Materials Exchange of Turkmenistan 21 transactions were registered this week.

For the foreign currency businessmen from Russia, the United Arab Emirates and Turkey bought refined cotton oil, coloured terry products in assortment and Portland cement. The total sum of transactions exceeded 1 million 486 thousand US dollars.

For the manat representatives of business circles of Russia, India, and Pakistan obtained refined cotton oil and cotton yarn for a total sum of over 3 million 533 thousand manats.

For the home market local entrepreneurs bought food wheat for the sum of over 5 million 884 thousand manats.

State News Agency of Turkmenistan.

31.08.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2017-nji ýylyň 8 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň we beýleki durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Gün tertibine Söwda -senagat edarasynyň işiniň käbir meseleleri we möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary hem girizildi.
Hormaly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, şu ýylyň sekiz aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň jemleri hakynda hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe makroykdysady görkezijiler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşi tassyklaýar. Şeýlelikde, jemi içerki önüm 6,4 göterim ýokarlandy, şol sanda senagatda bu görkeziji 3,8 göterimden gowrak, gurluşykda 3,1 göterim, ulag--aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterim, söwda ulgamynda 9,2 göterim, oba hojalygynda 4,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10 göterim artdy.
Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde öndürilen önümiň ösüş depgini 5,4 göterimden gowrak boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bölek-haryt dolanyşygynyň möçberi 17,6 göterim artdy.
2017-nji ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 12,1 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 11,9 milliard manada deň boldy. Aýlyk iş haklary, döwlet kömek pullary, pensiýalary we talyp haklary doly möçberde tölendi. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ortaça aýlyk iş haky 9 göterim ýokarlandy.

30.08.2017. Türkmenistan biziň günortadaky goňşymyz - Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda diňe syýasy - diplomatik, söwda - ykdysady hem-de ynsanperwerlik usullarynyň herekete girizilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Bu meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça çärelere Aşgabatda geçiriljek Owganystan boýunça Sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda garalar.

Bitarap Türkmenistan öz wagtynda Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmagyň tarapdarlarynyň biri bolup çykyş etdi hem-de soňky ýyllarda doganlyk halkyň parahatçylykly, döredijilikli durmuşynyň binýatlarynyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berdi.

Biziň ýurdumyz Owganystany dikeltmek meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, möhüm başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Olaryň ählisi owgan meseleleriniň çözülmegine özara ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin öz syýasy giňişligini hödürlemek ýoly bilen çemeleşilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan täze başlangyçlary, şol sanda Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin bütinleý täze gurallary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, BMG-niň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini gaýtadan dikeltmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasyny taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi.

29.08.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda howpsuzlygy hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.
Ilki bilen ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda ýylyň başyndan bäri geçirilen çäreler barada habar berildi.
Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň esasy wezipesi milli bähbitleri we howpsuzlygy nazara almak bilen, Türkmenistanyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Belent Serkerdebaşymyz öňdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, döwletimiziň milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmäge uly üns berjekdigini nygtady.
Serkerdeleri taýýarlamak esasy we geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň çäklerinde milli harby serkerdeleriň täze nesli kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz okuw işini guramak, şeýle hem harby gullukçylaryň nazaryýet we beden taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!