25.07.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.
Bu köpugurly toplumyň oýunlara taýýarlyk derejesi döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns beren meselesi boldy, şäherjigiň çäklerinde sport we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi ýerleşýär, olar ähli ölçegler babatynda ýokary halkara ülňülerine hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda ýaryşlary, şol sanda ýeňil atletika, welosiped sporty, tennis, suwda ýüzmek, sportuň dürli toparlaýyn görnüşleri, başa-baş tutluşyklar we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, şeýle hem ýörite türgenleşik zallary bar.
V Aziada gatnaşýan türgenler, tälimçiler hem-de wekiliýetleriň beýleki agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ajaýyp olimpiýa ýaşaýyş toplumy guruldy, ol jemi 12 müň adama niýetlenendir. Bu ýerde bina edilen belent jaýlar daşky görnüşi, içerki abadanlaşdyrylyşy we amatlylygy babatynda abadanlaşdyrylan şäher ýaşaýyş jaýlaryna laýyk gelýär. Ýaşaýyş toplumy on iki gatly ýigrimi binadan ybaratdyr, olar toplumlara birleşdirilendir, toplumlaryň her birinde, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli adamlaryň ýaşamagy üçin şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, ak mermerli binalar ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen tutuş ýaşaýyş toplumyny emele getirdi.
Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň düzümine tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk toplumy girýär, ol dikeldiş merkezini we okuw merkezli ylmy-barlag barlaghanany öz içine alýar, şeýle hem bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara media-merkezi we beýleki degişli desgalar ýerleşýär. Türgenleriň dynç almagy we boş wagtyny gyzykly geçirmegi üçin medeniýet merkezi göz öňünde tutulandyr.
Monorels ýoly şäherjigiň giň çäklerini gurşap alýar, onuň ugry boýunça aýratyn görnüşde bezelen stansiýalaryň birnäçesi gurnalandyr. Estakada ulagynyň bu görnüşiniň üýtgeşik aýratynlygy onuň ýerüsti herekete päsgelçilik döretmeýän, ýolagşylaryň rahatlygyny üpjün edýän artykmaçlygydyr.

23.07.2017. Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen tehniki uglerody we ýody satyn aldy. Türkiýeden gelen telekeçiler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Ermenistandan gelen telekeçiler azyklyk bugdaýy, nah ýüplükleri, aşgarlanmadyk flanel matasyny, egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 1 million 323 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýyny satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemine bagyşlanan çykyşynda ýakyn geljek üçin anyk wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny goýmaly we täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, döwrebap senagat desgalaryny we iş orunlaryny döretmegiň we bu işe ýerli telekeçileri çekmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet düzümleriniň we hususy bölümleriň hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagynda, ykdysadyýetiň ösüşiň innowasiýa ýoluna geçmeginde, senagat pudagynyň täze ugurlarynyň emele getirilmeginiň höweslendirilmeginiň hasabyna bu pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda esasy orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda ösüşiň şeýle ugurlarynyň toplumy maýa goýum işjeňliginiň emele gelmegini şertlendirýär, ol geljegi uly taslamalary öz içine alýar. Munuň özi işewürlik meýilnamasy hem-de maýa goýumlar babatynda synagdan üstünlikli geçirilen we bu işlere hil taýdan baha berilmegine we seljerilmegine ýardam berýär.
Ol teklipleriň biri emeli grafit önümçiliginde ýurdumyzyň dünýä bazaryna çykmagy bilen baglanyşyklydyr, soňky wagtda sarp edýän pudaklarda önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagy hem-de hödürlenýän möçberleriniň çäklidigi bilen baglylykda bu önüme isleg barha artýar. Alternatiw energiýa çeşmelerine geçiş döwründe tebigy grafitiň ulanylyşynyň artyşy ýaly, litiý-ion akkumulýatorlarynyň öndürilmeginde ulanylýan sintetiki grafite-de talap artýar.
Grafit we ondan alynýan önümler nebit-gaz, atom, metallurgiýa, himiýa, kosmos pudaklarynda işjeň ulanylýar. Oňa bolan isleg bu önümiň Türkmenistanda öndürilmegi, onuň dünýä bazarynda ýetmezçilik etmegi — daşary bazarlarda ýurdumyzyň ornuny berkidýär.
“Ülke” hususy kärhanasynyň we Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň hünärmenleri täsin synag geçirdiler.
Türkmen ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak babatynda okgunly ösüş innowasiýa taslamasynyň netijesidir — ýurdumyzda ilkinji gezek emeli grafit öndürildi.

17.07.2017. Bu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Maltadan gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet kärhanasynyň tehnika önümleriniň birnäçesini satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt walýutasyna dürli reňkli ýumşak nah ýüplük önümleri satyldy. Olary Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gruziýa we beýleki döwletler satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 535 müň manatdan gowrak azyk bugdaýyny satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi.

12.07.2017. Şu günler Maýyn boýundaky Frankfurt şäherinde geçirilýän “Türkmenistan-Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewürlik maslahatynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri GFR-iň iri maşyngurluşyk käphanalaryna baryp gördüler. Türkmen wekiliýeti Mangeým, Bruhzal hem-de Swaýbrýukken şäherlerinde ýerleşýän «John Deere» kompaniýasynyň iri zawodlarynda bolup, işleriň guralyşy we çykarylýan önümler bilen tanyşdylar, şeýle hem Kaýzerslautern şäherindäki Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine baryp gördiler.

«John Deere» kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Dünýä belli amerikan kompaniýasy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda öz ornuny eýelemek bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň iň häzirki zaman ngusgalaryny hödürleýär. Hyzmatdaşlygyň şu döwründe «John Deere» kompaniýasynyň enjamlary ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda öz artykmaçlyklaryny görkezdiler. Ekerançylarymyz olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler.

Innowasiýa esasynda tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň örän möhüm ugry bolup, ol milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň hem-de eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Döwletimiz iş öndürijilik mümkinçilikleri has gowulandyrylan iň täze nusgaly tehnikalary satyn almak bilen, oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň möçberleriniň durnukly artdyrylmagy, şol sanda meýdan işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmegiň hasabyna artdyrylmagy üçin şertleri döredýär. Ekerançylaryň önüm öndürijiligi hem-de hünär taýýarlygy ýokarlandyrylýar, olaryň iş we zähmet şertleri gowulandyrylýar.

Şulardan ugur alnyp, türkmen wekiliýetiniň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasy düzüldi, bu ýurtda «John Deere» kompaniýasynyň birnäçe zawody işleýär. Mangeým şäherinde aýratyn buýurmalar esasynda oba hojalyk tehnikasy taýýarlanylýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!