Hormatly ýaşulular, mähriban eneler!

Gadyrly watandaşlar!

Sizi bütindünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenýän Yaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belende götermek biziň milli ýörelgämiziň esasydyr. Şoňa görä-de, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýan bu halkara baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy, aýratyn hem ýaşuly nesillerimizi galkyndyryp, eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Ýaşulularyň halkara güni adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýan möhüm ähmiýetli sene hökmünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun aldy. Bu halkara baýramynyň many- mazmunynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen paýhasy, watansöýüjilige we ynsanperwerlige esaslanýan durmuş ýörelgeleri jemlenendir. Şoňa görä-de, bu baýrama bagyşlanyp, pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşuly nesillerimiziň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Garaşsyz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baý mazmunly medeni- jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.

2-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelýän Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçiriler. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda deňhukuklylyk, netijelilik we uzakmöhletleýinlik esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy we Russiýany öňden gelýän, gadymy dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan türkmen-russiýa gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça işjeňleşdirilýär.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy BMG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny hem-de tekliplerini goldaýarlar. Ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly esasy meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini görkezýärler.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy taraplaryň hoşniýetli syýasy erkine, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda özara hereket etmegiň köpýyllyk tejribesine we elbetde, iki ýurduň halklaryny berk baglanyşdyrýan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy taýdan kemala gelen gatnaşyklaryna esaslanyp, häzir täze mazmuna eýe bolýar. Munuň özi onuň köptaraply kuwwaty bilen hem, Türkmenistanyň we Russiýanyň şol kuwwaty has netijeli peýdalanmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hemme mümkinçilikleri herekete getirmäge gyzyklanmasy bilen hem şertlenendir.

30.09.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Olary Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan, Türkiýeden, Owganystandan, Gruziýadan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 931 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 3 million 302 müň manatdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, lukmançylykda ulanylýan sargy serişdelerini we pagta soapstogyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 274 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi.

29.09.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlarynda daşary ýurt raýatlaryny ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek baradaky habary aýdyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, owgan raýatlaryny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna dil öwreniş okuwlaryna muzdsuz esasda kabul etmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlarynyň toparyny D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dil öwreniş okuwyna kabul etmek bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny nazara alyp, oýunlara taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýatyrylýandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ýerine ýetiriji komitetiň maliýe we beýleki meselelerini kadalaşdyrmak hem-de onuň işgärlerini işe ýerleşdirmek bilen bagly meseleleri bir aýyň dowamynda çözmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilýän resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Ýokary derejede geçiriljek türkmen-russiýa gepleşikleriniň netijeleri boýunça esasy ugurlarda köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy we Russiýany öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Häzirki döwürde strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça işjeň ösdürilýär.

28.09.2017. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan edip, öňdengörüjilikli we giňmöçsberli strategiýanyň başyny başlady. Şol strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda sport hereketiniň giň gerime eýe bolmagyny hem-de uzakmöhletli umumymilli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etdi.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän oňyn syýasaty özüniň aýdyň netijelerini berýär. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de biziň türgenlerimiziň gazanan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdsyň subutnamasydyr. Türgenlerimiz ýaryşlaryň netijeleri boýunça umumytoparlaýyn hasapda ynamly birinji ýeri eýelediler. Bu ajaýyp üstünlik sport döwleti hökmünde bitirap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da berkitdi, türkmen spotunynyň abraýyny täze belentliklere göterdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda bedenterbiýäniň we sportuň adamyň hem-de jemgyýetiň durmuşynda eýeleýän möhüm orny hem-de ähmiýeti açylyp görkezilýär. Çünki sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanda ruhubelentligi, maksada okgunlylygy we ýeňşe bolan erk-islegi terbiýeleýär, kämillige tarap ýol açýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!