07.10.2017. Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol ýerde bag ekmek boýunça nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowaryna badalga berdi.

Ýoluň ugrunda dikilen köpsanly ak öýleriň ýanynda oba durmuşyna degişli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

“Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň” golaýynda toý toýlaýan türkmen obasynyň keşbi janlandyrylypdyr. Bu ýerde köpsanly gazanlar atarylyp, dürli tagamlar taýýarlanylýar we türkmen myhmansöýerligi has-da äşgär duýulýar. Ak öýleriň ýanynda atarylan toý gazanlarynda taýýarlanylan tagamlar dabara gatnaşyjylara hödürlenilýär. Şeýle hem bu ýerde düýeler, dowarlar görünýär. Olaryň agylda durmaklary, ot ýakmak üçin niýetlenen sazaklar toý şagalaňyny aňladýar. Hemme zat asylly dessur esasynda guralýan halk baýramçylygyna taýýarlanypdyr. Bu ýerde janlandyrylan obada milli tagamlar, toý pişmeleri bişirilip, saçaklar ýazylyp, myhmanlara hödür-kerem edilýär.

Sportuň milli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerdäki ýaýlada belent başly hiňillikler dikilip, olarda bagtyýar ýaşlar bat alýarlar.

Bu ýere ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, türkmen ilçileri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimler, Ahal welaýatynyň hem-de paýtagtymyzyň köpsanly ilaty ýygnandy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen hormatly ýaşulular, ak gyňaçly eneler, ýaşlar, jemgyýetçilik işgärleri we wagyzçylar bar.

06.10.2017. 6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary geldiler. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň owazyny gaýgyly “Keçpelek” sazy çalyşýar, ol eziz Watanymyzy goran hem-de bigünä şehit bolan ildeşlerimiz hakynda halkyň hakydasynyň beýanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň esgerleri hormatly Prezidentimiziň adyndan “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary”, “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desselerini goýdular.

Çuňňur hasratyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz baş egýär. Çünki şol pajygaly gijede adamzadyň taryhynda weýrançylykly bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi milli Liderimiziň atasy -- 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny üzdi.

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilen gije 1 sagat 12 minutda ýarygijeden soň, tebigy bela sähel pursatda türkmen paýtagtyny wes-weýran edip, başlara agyr külpet saldy. Asmana göterilen tozan şäheriň üstüni örtdi. Umumy hasrat adamlary has-da jebisleşdirdi.

05.10.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, ýolbaşçy wezipelere bellemek hem-de wezipeden boşatmak meselelerine garaldy, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ministrleriň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, olaryň alyp baran işiniň netijelerine baha berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, maliýe ministri G.Myradowa söz berdi. Ministr Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de 2017-nji ýylyň üç çärýeginde maliýe-býujet ulgamynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 9 aýynda esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 122,3 göterim, çykdajylar bolsa 91 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — sentýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 79,6 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi.

Ýerli býujetiň girdejiler bölegi 9,5 milliard manat, çykdajylar bölegi bolsa 8,7 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.

2017-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Tbilisi şäherinde täze «Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde «Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň esasy girelgesinde ýerleşen täze, döwrebap «Türkmenistan» söwda dükany hem dabaraly ýagdaýda açyldy. «Türkmenistan» söwda dükanynda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma senagatynyň harytlarynyň, haly we haly önümleriniň, milli sowgatlyklaryň dürli görnüşleri müşderilere hödürlenilýär.
Dabaraly çärä Gruziýanyň Premýer-ministri G.Kwirikaşwili, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we Hökümetiň beýleki agzalary, daşary ýurtlaryň Gruziýadaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurtdaky köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, söwda wekilleri Tbilisi şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
«Tbilisi Sea Plaza» söwda merkeziniň açylyş dabarasynda resmi adamlar gutlag sözleri bilen çykyş edip, dabara gelen adamlary söwda merkeziniň açylmagy bilen gutladylar we «Türkmenistan» söwda dükanynyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň özara dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine uly goşant goşjakdygyny bellediler.

http://www.mfa.gov.tm/tk

03.10.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň raýatlaryny nobatdaky güýzki harby gulluga çagyrmak barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe hem-de beýleki dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahatçylygyň we asydalygyň goragynda duran harby we hukuk goraýjy düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Belent Serkerdebaşymyz Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, Goranmak ministrliginiň üstüne ýüklenen esasy wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz iň täze tehnologiýalary, söweşjeň tehnikalary ulanmakda harby gullukçylaryň ussatlygyny ýokarlandyrmak, esgerleri eziz Watanymyza hem-de halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, ony täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli harby ýörişiň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň, onda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň artýan kuwwatyny görkezmegiň möhümdigini nygtap, ministre bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler hem-de jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ýollarynda ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmeginiň üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!