
2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler.
Däp bolan surata düşmek dabarasyndan soňra “Kuksaroý” köşgüniň kiçi maslahatlar zalynda dar düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk başlandy.
Sammitiň gün tertibi syýasy, söwda-ykdysady, maliýe goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini, şeýle-de halkara meseleleriniň we sebit howpsuzlygynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmagy öz içine alýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda, Owganystanda ylalaşma prosesslerine ýardam bermek boýunça bilelikdäki işiň wajyplygyny belledi. Türkmen Lideri gepleşikler prosessine alternatiwanyň ýokdugy barada ynam bildirdi. Güýç bilen edilýän usullaryň bu meselede tersine bolup, netije bermeýändigini öňki tejribeler subut etdi.