27.01.2020. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Güýzlik bugdaýa ideg etmek boýunça hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmegi, ösüş suwuny tutmagy agrotehniki möhletde geçirmek, şeýle hem gowaça, gök-bakja we ýeralma ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak boýunça görülýän zerur çäreler barada habar berdi.
Şonuň bilen birlikde, howanyň häzirki sowuk günlerinde durmuş maksatly desgalary ýylylyk, gaz, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi, sebitiň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň barşy barada habar berildi.

25.01.2020. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni arassalanan benzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Irlandiýa, Pakistan, Gyrgyzystan we Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Gonkongdan hem-de Gazagystandan gelen işewürler jemi bahasy 12 million 110 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 45 million 793 müň manatdan gowrak bolan dokma enjamlaryny, Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

24.01.2020. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan meýilnamadan ugur almak bilen, ilat ýazuwyny geçirmegiň we onuň jemlerini jemlemegiň usullaryny öwrenmek hem-de ilat ýazuwyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek, onuň netijelerini işläp taýýarlamak üçin programma üpjünçiligini, zerur enjamlary satyn almak we bäsleşik geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

23.01.2020. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onda pudagyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler hem-de ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde giň gerimli energetika düzümleriniň döredilmeginiň hem-de işiniň kämilleşdirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bu düzümlerde başy başlanan giň gerimli taslamalar, şol sanda energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri babatda elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

22.01.2020. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen işler hakynda hasabat bermek üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar geçen ýyl amala aşyrylan işler, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.
Agzalan döwürde Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylan çäreler, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!