«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» atly şygar bilen «EKSPO ─ 2020» Bütindünýä sergisi Dubaýda geçer. Arap dünýäsiniň bu giň möçberli çäresine dünýäniň 190 ýurdy bilen bilelikde Türkmenistan hem gatnaşar.
Milli pawilýonlar gatnaşyjy ýurtlaryň ösüşleriniň esasy aýratynlyklaryny we medeniýetlerini açyp görkezer. Däp bolan gymmatlyklar bilen ýokary tehnologiýalar düýpli utgaşdyrylar. Türkmenistanyň pawilýonynda bugdaýyň ösüp ýetişişini, aýaklary ýere degjek-degjek bolýan ahalteke bedewleriniň çapyşygyny ýakyndan duýmak bolar.
Milli ekspozisiýa ýurduň häzirki zaman ykdysady gazananlaryny we onuň milli mirasyny dabaralandyrar. Mysal üçin, pawilýonlaryň daşky diwarlarynyň biri türkmen halysynyň nagyşlaryny şekillendirer.
Esasy üns ekelogiýa meselelerine we ony çözmekde ýaşlaryň gatnaşygyna gönükdiriler. Guramaçylaryň bellemegine görä, bize öz ýaşaýan dünýämiziň deňagramlylygyny saklamagymyz zerurdyr.
Hut şonuň üçin hem «EKSPO ─ 2020-de» işjeň ýaşlaryň: alymlaryň, işläp düzüjileriň, oýlap tapyjylaryň, azyklaryň, suwuň, arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň alternatiw çeşmelerini hödürleýänleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Materiýaly «www.orient.tm» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe Nabatowa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!