EKSPO 2016 Londondaky sergide
EKSPO 2016 Antalýa Londonda guralan World Travel Market (WTM) sergä gatnaşdy. Ol dünýäde iň iri syýahatçylyk sergileriň biri hasaplanýar.
EKSPO 2016 Antalýa gullugy Türkiýäniň sektorynda öz diwarlygyny ýerleşdirip, broşýuralaryň,tanyşdyryş filmleriniň we 3D äýnekleri arkaly EKSPO hakynda gürrüň berdi.

12-nji ýanwar Türkmenistanyň Mejlisinde her ýylyň başynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda Mejlisiň kanunçykaryjylyk deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi. Bu barada «turkmenistan.gov.tm» saýty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Mejlisiň deputatary bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda milli parlamentiň binasynda Mejlisiň ýolbaşçysynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda 2015-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan hem-de üstümizdäki ýyl edilmeli işler boýunça anyk wezipeleri kesgitlemäge bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Söwda toplumynda öňde goýlan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilipdir. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň teswirinde bellenilip geçilýär.
Degişli döwürde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hem netijeli işlenilendigini bellemek gerek. Sebäbi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan hyzmat işleriniň ösüş depgini 133,1 göterime barabar bolupdyr.

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Bu barada «turkmenistan.gov.tm» saýty habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

RUSSIÝA. Döwlet Dumasy Söwda-senagat edarasynyň (SSE) telekeçiligi ösdürmek, hususyýetçileriň kärhanalaryny we bähbitlerini goramak boýunça alyp barýan işlerinde ýerine ýetirýän wezipelerini we hukuklaryny giňeldýän kanuny kabul etdi.
Kanun täze guramaçylyk-hukuk görnüşini emele getirmegi göz öňünde tutýar, ýagny Russiýa Federasiýasynyň (RF) Söwda-senagat edarasy (SSE) Söwda-senagat soýuzyna öwrülýär.
Mundan başga-da bu kanun SSE-niň esaslandyryjylarynyň sanyny artdyrmaga we sebitlerdäki Söwda-senagat edaralarynyň RF-niň Söwda-senagat edarasynda agza bolmagyny borçlandyrýar.
RF-niň sebitlerdäki SSE-leriniň Russiýanyň Söwda-senagat edarasynyň, ýerlerdäki SSE-leriňem sebitlerdäki Söwda-senagat edaralarynyň agzasy bolmagy hökmany borç bolup durýar.
RF-niň Söwda-senagat edarasynyň düzüminden çykan ýa-da çykarylan halatynda olar Söwda-senagat edarasy hökmünde iş alyp barmakdan mahrum edilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!