2019-njy ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde üçünji Ýüpek Ýoly Forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Tbilisi Ýüpek Ýoly Forumyna 60-a golaý ýurtdan 2 000-den gowrak adam, ýagny syýasy ýolbaşçylar, bilermenler we halkara guramalaryň wekilleri, işewürler gatnaşdy.
Forumda söwda, ulag we energetika, hususy telekeçilik we Gruziýanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň çäginde, şeýle hem beýleki işjeň meseleler boýunça dürli çäreler hem geçirildi.
Bu Forum Gruziýanyň Primýer-ministriniň ýolbaşçylygynda Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrligi tarapyndan guraldy.

www.mfa.gov.tm

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bi giň gerimli çäreleriň guramaçylary «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Тürkmennebit» Döwlet konserni çykyş edýändir.
Çäreleriň resmi açylyş dabarasynda çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we guramalarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

21-nji oktýabrda Tokioda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparyna gabatlanylan Türkmen-ýapon işewürler forumy geçirildi.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maliýe-maýa goýum gatnaşyklary ulgamynda garaýyşlary deňeşdirmäge, geljegi uly bilelikdäki taslamalar hem-de önümçilik babatda ýakynlaşmagyň ýollary boýunça pikir alyşmaga bagyşlanyldy.
Forumyň işine dürli senagat pudaklarynda, ulag hem-de aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar we beýleki ulgamlarda özleriniň işläp taýýarlamalary bilen meşhur bolan Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary — 40-dan gowrak kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň hem-de beýleki düzümleriň wekilleri wekilçilik etdi.
Türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi «Shinagawa Prince» maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyga baýramçylyk we milli öwüşgini çaýdy. Owadan gölli halylar, ýüpek matalar, dürli sowgatlyk önümleri forumyň guraýjylarynda ýurdumyzyň milli mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrdy.

HORMATLY HALKARA SERGÄ WE MASLAHATA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!
Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak we özara tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän halkara serginiň we maslahatyň işine üstünlikleri arzuw edýärin!
GADYRLY DOSTLAR!
EZIZ WATANDAŞLAR!
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu toplumy ösdürmek döwletimizi ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu toplumy ösdürmäge aýratyn üns berýäris.

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekillerinden ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.
Işewürler maslahatyna eýran wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalaryň wekilleri, şeýle-de söwda, derman senagaty, oba hojalyk we suw serişdeleri, inženerçilik hyzmatlary, energetika, ulag, logistika, syýahatçylyk, nebit-gaz senagaty, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we gurluşyk pudaklarynda işleýän 30 kompaniýanyň wekilleri geldiler.
Türkmen tarapyndan bu maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaçylarydyr hünärmenleri, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady mümkinçiliklerini görkezmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl sektorynyň wekilleriniň arasynda özarabähbitli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak hem-de berkitmek bu forumyň baş maksady boldy.
Eýranyň işewürler toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet strategiýasynyň wajyp ugry bolup çykyş edýän türkmen ykdysadyýetiniň hususy sektory bilen öndürijilikli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda iki döwletiň wekilleri özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşyklaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de geljekki gatnaşyklaryň meýilnamalary takyklanyldy.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!