2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bi giň gerimli çäreleriň guramaçylary «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Тürkmennebit» Döwlet konserni çykyş edýändir.
Çäreleriň resmi açylyş dabarasynda çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we guramalarynyň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, her ýylda geçirilýän bu abraýly forum nebitgaz ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürimegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Şu ýyl türkmen öndürijilieri bilen bir hatarda bu ulgamdaky öz önümlerini hem-de döwrebap hyzmatlaryny «British Petroleum», «Shell International B.V», «CNPC», «Buried Hill», «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.», «Dragon Oil», «Vitol», «SOСAR», «Gaffney, Cline& Associates», «Yugneftegaz», «Oracle Netherland B.V.» ýaly dünýä kompaniýalary we beýleki dünýä meşhur kompaniýalar görkezdiler.
Maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatyň dowam edýän iki gününiň içinde onda çykyş edýänler tarapyndan ýangyç-energetika ulgamyndaky dünýä dessurlarynyň ösdürilmeginiň meseleleri gozgalar, şeýle hem tejribe alyşmak we maslahata gatnaşyjylara häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat bermek maksady bilen tanyşdyryşlaryň hem-de ugurdaş mejlisleriň geçirilmegi meýilleşdirilendir.
Şu nebitgaz forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri üçin Aşgabadyň eteginde açylyp ulanmaga berilen tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça täze Gazhimiýa zawody bilen tanyşmak mümkinçiligi hem döredilendir.
Ertir, 23-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işini dowam etdirer.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!