Günleriň birinde şähere köpçülikleýin syn etmek üçin äpet pil getiripdirler. Ony köçede hemmelere deň görkezmek maksady bilen, ilki haýsydyr bir binanyň içine salyp goýupdyrlar. Bisabyr adamlaryň birnäçesi pili ýatagyň içinde görmek isläpdir. Ýöne ol ýer garaňky bolansoň, synçylar pili diňe elläp görmeli bolupdyrlar. Elläp gören adamlaryň hersi pil barada gelen netijelerini derrew daşlaryna çykarypdyr.
Piliň hortumyny sermeläp gören adam, ol ternawa meňzeş diýen netijä gelipdir-de özünde galan täsiri derrew beýleki adamlar bilen paýlaşypdyr. Emma, şol wagt piliň gulagyny elläp gören zenan, onuň ýelpewaja meňzeýändigini, aýagyny elläp gören bolsa, onuň haýsydyr bir sütündigini nygtapdyr. Piliň böwrüni sermelän kişi bolsa, ol oturgyja, hatda şalaryň tagtyna meňzeýär diýen karara gelipdir. Piliň daşky görnüşi hakynda ony garaňkylykda näçe adam elläp gören bolsa, şonça hem pikir aýdylypdyr.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Eger düýäniň uýanyny dakynsa, onuň bilen deň boljakdygy hakyndaky pikir kellesine gelen syçan, nähilidir bir ýol bilen uýan ogurlamagyň kül-külüne düşýär. Syçan uýany dişleri bilen berk gysyp, ylgap başlaýar, düýe hem onuň yzy bilen haýdaýar.
─ Görýäňmi, biz seň bilen hemme zatda deň, hatda sen menden yzda ylgaýaň ─ diýip, syçan jyk-jyk edipdir.
Düýe oňa jogap berjegem bolman, özi hakda oýlanypdyr. «Meniň bilen öz deňligiňe guwanmak saňa uzak miýesser edermikä?!». Hakykatdan hem basym olaryň ýollaryny bir derýa kesipdir.
─ Sen nämä durduň, seni bu päsgelçilik neneň gorkuzaýdy? ─ diýip, düýe syçandan soraýar.
─ Ýöne bu derýa düýpsüz, onsoňam hatda kenary hem görnenok ─ diýip, syçan jogap berýär.
─ Onda näme, bize derýanyň çuňlugyny barlamak gerek ─ diýýär-de düýe suwa girýär.
─ Görýäňmi, derýä çasly seslenip, köpürjikläp aksa-da ol çuň däl, bary-ýogy dyzdan.
─ Sen ikimiziň dyzlarymyzyň beýikliginiň tapawutlydygyny ýadyňdan çykardyň ─ diýip, syçan jüýgüldäp goýberýär.
─ Biz seň bilen aýry-aýry kanunlarda ýaşaýarys. Seniň dyzyňdan bolan suw, meniň depämdenem birnäçe tirsek boýy ýokarda!
─ Onda, öz ulumsylygyňa haý diý-de mundan beýläk göterilme. Deňiň bilen çekiş, ýogsa öz etmişiň zerarly ýitip, ýok bolup gidersiň ─ diýip, düýe syçana öwüt beripdir.
─ Dogry men, hetdimden aşdym ─ diýip, syçan boýun alypdyr.
─Ýöne eý, çölüň şasy men seniň kömegiň bolmasa bu ýerden nädip çykaryn, men tolkunlara garylyp, ölüp giderin ahyry.
─ Aý bolýa-da ─ diýip, gaharyny ýuwdan düýe, mylaýymlyk bilen:
─ Örküjimde otyr, men seni suwdan geçirerin. Men seň ýalylardan müňsüni hiç emgenmän geçirýän ahyry ─ diýipdir.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Bir gezek ýurduň içinde aýlanyp ýörşüne Hing Şiniň ýoly bir şäheriň üstünden düşýär. Edil şol gün hem bu şäherde nakgaşçylygyň ussatlary ýygnanyşyp, «Hytaýyň iň gowy suratkeşi» adyna eýe bolmak üçin bäsleşipdirler. Bu bäsleşige köp ussat suratkeşler gatnaşyp, talapkär eminlere ajaýyp suratlaryny görkezipdirler.
Bäsleşik tamamlanyberende eminler aljyraňňylyga düşüpdir. Olar iň soňky iki sany örän gowy suratyň haýsy-da bolsa birini saýlamaly bolupdyr. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp, bu ajaýyp suratlardan kemçilik gözlemäge başlapdyrlar. Olar näçe jan çekseler-de iki suratyň hiç birinden dyrnak ýaly hem kemçilik tapyp bilmändirler.
Ýagdaýy synlan Hing Şi olaryň kynçylyga düşendiklerine göz ýetirip, kömek bermek üçin köpçüligiň içinden çykyp gaýdypdyr. Eminler jahankeşde akyldary tanap, begenipdirler. Şonda Hing Şi suratkeşleriň ýanyna baryp:
─ Ussatlar siziň suratlaryňyz ajaýyp, ýöne menem beýleki eminler ýaly bulardan kemçilik tapamok. Şonuň üçin men sizden öz suratlaryňyza dogry we adalatly baha bermegiňizi hem-de ýetmezçiliklerini aýtmagyňyzy sizden haýyş edýärin ─ diýipdir.
Öz çeken suratyny uzak wagtlap synlan birinji suratkeş:
─ Halypa men näçe seretsemem, birje kemçiligem tapyp bilmedim ─ diýipdir. Ikinji suratkeşden ses çykmandyr.
─ Senem öz kemçiligiňi göreňokmy? ─ diýip, Hing Şi oňa ýüzlenipdir.

Uly bir kompaniýanyň täzelikde işe goýlan ýaş iş dolandyryjysyny ýolbaşçylary ýanyna çagyrýar. Eýsem näme? Ol ýaňja firmanyň 10 mln dollar ýitgi çekmegine getiren şertnama baglaşypdy. Haçanda işgär öz ýalňyşyna düşünende eýýäm giçdi, pul sarp edilipdi. Ol öz ýalňyşyna düşünensoň, ýolbaşçylaryň näme diýerine garaşmazdan iş otagyna giren badyna:
─ Men öz ýalňyşyma düşünýän, siz meni işden çykarmaga hakly ─ diýýär.
─ Işden çykarmak? ─ diýip ýolbaşçy dillenýär. Soňra bolsa, şeýle diýýär:
─ Biz ýaňja seň okuwyňa 10 mln töledik, sen ýaly gymmatly işgäri elden çykarmaga biziň hakymyz ýok. Baryň işläberiň.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

─ Mugallym, beýlekiler her gün täze ýumuş alýarka, siz näme üçin maňa indi ýumuş bereňzok? ─ diýip, okuwçy sorag beripdir. Mugallym:
─ Men saňa munuň jogabyny aýdaryn, ýöne entek däl. Häzir bolsa, gel bile naharlanaly ─ diýipdir. Okuwçy ajygyp duransoň derrew razylyk beripdir. Mugallym:
─ Ýöne, sen meniň öz elim bilen nahar iýdirmegime ygtyýar ber ─ diýipdir.
Muňa okuwçy geň galsa-da, mugallym beýleki okuwçylardan özüni has gowy görýändir diýip, oýlanypdyr.
Tagamy äberipdirler. Mugallym ysy janyňy alyp gelýän, süýji palawdan bir çemçe alyp, işdämenlik bilen iýmekçi bolan okuwçynyň agzyna tutupdyr. Ol lezzetden başyny ýaýkap, gözlerini ýumupdyr. Ol aşpeziň ussatlygyny taryp etmekçi bolup agzyny açan badyna ýene bir çemçe palaw agzyna dolupdyr. Ol palawy çeýnemäge başlapdyr, ýöne doly çeýnäp bolmanka nobatdaky çemçe süýji tagamdan agzy dolupdyr. Ol çalt-çaltdan iýipdir. Bir çemçäni doly iýip bolmanka, ikinji çemçe gelipdir. Ahyry okuwçy saklanyp bilmän:

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!