Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde täze we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün ediljek ýolagçy awtomenziller peýda bolar.
Awtomenzilleri gurmak üçin Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigiň netijesinde “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetiniň taslamasy ýeňiji boldy.
Ýolagçy gatnadyljak täze menziller ýurduň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Geçirilen hasaplamalara laýyklykda, bu desgalaryň gurluşygyny Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de “Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýetiniň arasynda paýly gatnaşykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
“Muhammet – Balkan” hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda açylan Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän halkara ýolagçy awtomenzilini gurmak bilen tejribe gazandy.

www.business.com.tm

Türkmenistanda umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan dürli maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmenistanda umumy şertnama bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň iň soňky mejlisini geçirdi.
Mejlisde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça alnyp barlan işleriň jemini jemlän türkmen Lideri gurluşyk pudagyndaky ýagdaýa hem ünsi çekdi. Şonda 35 milliard amerikan dollaryna golaý dürli görnüşli desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýdan döwlet Baştutany, «Umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 66 sany iri desgany eýýäm işe girizdik» diýip belledi.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda 31-nji dekabryndaky iş gününi 29-na geçirmek hakyndaky Karara, 2020-nji ýyly bolsa, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmak hakyndaky Karara gol çekdi.

www.business.com.tm

Öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýän “Uber” kompaniýasy duşenbe güni ABŞ-da “Uber Money” hyzmatyny tanatdy.
Kompaniýanyň “Uber Money” bölüminiň başlygy Peter Hazlhörst tarapyndan “Uber”-iň internet sahypasynda ýazylan maglumata görä, “Uber”-iň ulgamynda hereket edýän sürüjiler we eltip berijiler hyzmatlarynyň netijesinde aljak töleglerini şol wagtyň özünde “Uber Debit” hasaplaryndan görüp, dolandyryp bilerler. Mundan ozal kompaniýa tölegleri hepdelik geçirýärdi.
“Biz ‘Uber Debit’ hasabyny ‘Uber Driver’ applikasiýasyna aňsatlyk bilen utgaşdyrmak maksady bilen bu hyzmaty kämilleşdirýäris. ABŞ-daky sürüjiler üçin boljak bu hyzmat ýakynda beýleki ýurtlarda hem elýeter bolar. Şeýle hem ‘Uber’-den gazanylýan her dollaryň gelşi ýaly ýoluny dowam etmegini isleýäris. Şol maksat bilen kamilleşdirilen ‘Uber Debit Card’ 3% - 6% aralygynda yzyna töleg aýratynlygy bilen gelýär” diýlip, Hazlhörstiň habarynda aýdylýar.
Kompaniýa öz ulgamynda hereket edýän sürüjileriň we eltip berijileriň gazançlaryny we çykdajylaryny gözegçilikde saklamaklary üçin “Uber Wallet” e-gapjygyny hem ulanyşa goýberer. Maglumata görä, bu hyzmat öňümizdäki birnäçe hepdäniň dowamynda “Uber Driver” applikasiýasy bilen, soňra bolsa “Uber” we “Uber Eats” applikasiýalary bilen utgaşdyrylar.
Şeýle hem “Uber” kompaniýasy “Barclay” bilen hyzmatdaşlykda “Uber” karz kartyny täzeden çykarýar.

www.business.com.tm

“Jahan Elektronik” hususy kärhanasynyň hünärmenleri 20 ýyldan bäri sewotoforlary dolandyryş ulgamlary bolan köpugurly sazlaýjy gurallary işläp düzýär we öndürýär.
Ýol hereketini düzgünleşdirýän gurluşlaryň ýanynda gurnalýan bu abzallar diňe reňkli yşaratlaryň geçişini üpjün etmän, eýsem “adaty”, “gijeki”, “sary ýanyp sönme”, “ýaşyl tolkun” ýaly dürli düzgünleri awtomatik ýagdaýda işletmäge ukyplydyr. Iki ýyl mundan ozal kärhananyň hünärmenleri içinde mikroprosessor oturdylan abzallaryň öndürilişini özleşdirdi.

Ministrler Kabinetiniň 6-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny goldady we oňa gol çekdi.

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan sanlaşdyrmak ulgamyny kesgitlemek döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan bu Kanunyň ähmiýetlidigini äşgär edýär. Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Täzeçil usullar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligiň guramaçylygyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär.

Şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary, halkara ülňülere we tehniki kesgitlemelere utgaşdyrmak işleri häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşi üçin möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!