Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy
edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.
Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu
düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da
kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri
B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny
pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş
boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we
harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34
ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan
Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby
gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,
goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan
boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine
berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň
netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün
etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň
we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk
berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden
boşatmak hakynda resminama gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän
düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk
bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek
boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda,
sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” şygary
astynda geçirilen biraýlygyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag
hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli
çäreler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içeri işler ministrine ýurdumyzda
hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalarynyň we ýangyna garşy
göreş çäreleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen
işler, şol sanda gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda
sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda görülýän çäreler barada
hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
boýunça geçirilen işler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň
ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de
ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary
berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda
ýerine ýetirilen işler, degişli düzümlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy we
ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
döwletimiziň konstitusion gurluşyny, milli howpsuzlygyny hem-de bähbitlerini
ygtybarly goramak, milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň dokuz aýynda Watanymyzyň
mukaddes serhetlerini goramak boýunça durmuşa geçirilen işler barada hasabat
berdi. Şunuň bilen birlikde, serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, harby gullukçylaryň, olaryň
maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi we ýaşaýşy üçin amatly şertleriň
döredilýändigi barada aýdyldy. Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Sarahs
serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň
ýurdumyzda Watan goragçylary üçin yzygiderli alada edilýändiginiň, harby
özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna
öwrülendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň
ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak,
olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna
birnäçe tabşyryklary berdi.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, işgärleriň
hünär derejesiniň ýokarlandyrylyşy, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň
çäklerinde teklipleri taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren
tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde hukuk üpjünçiligini
amala aşyrmak, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak babatda ýerine
ýetirilýän işleriň möhüm ähmiýetini nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe
ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barlan işleriň netijeleri, gullugyň
maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp,
gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, ýurdumyza getirilýän
harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelmegine gözegçiligiň has-da
kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda gullugyň
ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň başyndan bäri alnyp
barlan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tejribäni işjeň
ornaşdyrmak, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynda ileri tutulýan wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady
bilen geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işini döwrebaplaşdyrmagyň,
işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, migrasiýa
kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de
gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň täze
etraplarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerini döretmek
hakynda resminama gol çekdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby
doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş
ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň
görülýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34
ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli
geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylary Watanymyzyň abadançylygy, asudalygy ugrunda harby
kasama wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy
we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov