Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş
saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy
meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen
tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi.
Halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny
ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan işlenip
taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy
goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion
tehnologiýalar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň
ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk
merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli
hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň
halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin
mümkinçilikleri döredýär.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy
meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat
şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde
300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400
orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat
şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň
ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu täze guruljak saglygy
goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar
dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen
enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk
hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul
edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna
öwrüler.
Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we
ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş
desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň,
olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen
bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan
döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň
mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Gahryman
Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda keseli bejermekden ozal, onuň öňüniň
alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda
ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýdyp, bu saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek
lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine uly ähmiýet
bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň
guralmagynyň zerurdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli
ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy
goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň
ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň
saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe taýýarlygyň çäklerinde
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýyl Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Bu döwürde maksatnamadan gelip
çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde saglygy goraýyş
ulgamynda ägirt uly ösüşler gazanyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow Saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak dabaralary ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabady has-da abadanlaşdyrmak maksady
bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär.
Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, ilkinji nobatda, islendik keseliň öňüni almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda saglyk merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, lukmanlar halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda
saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini, raýatlarymyzyň
saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň ähli
künjeklerinde köp sanly halkara saglyk merkezleriniň, döwrebap hassahanalaryň,
saglyk öýleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. 10-njy oktýabrda
ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip
geçiler. Şu mynasybetli köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler, şol sanda halkara
çäreler geçiriler. Saglygy goraýyş desgalary açylyp ulanmaga berler. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz düýbi tutuljak saglygy goraýyş maksatly
desgalaryň hem saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam
berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni
mynasybetli saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gowy
taýýarlyk görmegiň, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi
çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzda
saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň
hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda
alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov