13.01.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş
çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly ýerine
ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin
gowaça tohumyny taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen
birlikde, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak, ekin
meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda degişli işler ýerine
ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim welaýatyň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň talabalaýyk
berjaý edilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmeginiň
zerurdygyny belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda
alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri, hususan-da,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek
meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny
we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary ekişe taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş
möwsümine taýýarlyk görmek, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle-de
häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy
bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň barşy barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri
gazanmak üçin ähli önümçilik tapgyrlarynda agrotehnikanyň kadalarynyň berk
berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady
bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri guramaçylykly dowam edýär. Welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän
ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda azyklyk
ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, ekin meýdanlarynyň
daş-töweregini we suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri ýerine
ýetirilýär.
Gyş
paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň
geljekde bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça
öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda möwsümleýin işler dowam edýär.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin
ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde we ideg işlerinde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazlyk
ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny
möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş, şor suw
akabalaryny arassalamak ugrunda zerur işler alnyp barylýar.
Häkim
gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny
talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi we häkime bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine
taýýarlyk görmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny yzygiderli
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy
babadaýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk
işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler
alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk
önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýan wezipelerini üstünlikli
ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, ekin meýdanlarynyň
daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak,
gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Häkim
welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda dowam edýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we häkime agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýdyp, welaýatda bu ugurda
alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol,
ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň Jemagat hojalygy
birleşiklerine satyn alyp beren köp sanly döwrebap awtoulaglary, tehnikalary
üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza ähli
ýaşaýjylaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ajaýyp sowgat bolan bu
tehnikalaryň jemagat hojalygynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda mundan
beýläk-de ösdürmäge möhüm goşant boljakdygyny aýtdy.
Soňra
wise-premýer ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda
sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş
möwsüminde pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin
pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek, gowaça
çigitlerini taýýarlamak hem-de olary ekiş möwsümine çenli talabalaýyk saklamak
boýunça işler alnyp barylýar. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
möwsüme taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatlarda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny,
tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň Türkmenistanyň häzirki
zaman ösüşinde aýratyn orun eýeleýändigini, onuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny,
ekologik abadançylygy üpjün edýän ulgamdygyny belledi we wise-premýere oba
hojalygyny döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de
welaýatlarda gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini agrotehniki
kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta öndürijileri gowaça tohumy bilen üpjün
etmäge aýratyn üns bermegi, ekiş möwsümine çenli ýokary hilli gowaça tohumyny,
ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny doly taýýar etmegi, bugdaý
meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagy,
Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini talabalaýyk
geçirmegi, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk
işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda pagta, bugdaý, Lebap welaýatynda şaly, Mary
welaýatynda gant şugundyrynyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça
hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegine gözegçilik etmegi, welaýatlaryň
ekerançylyk meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri bilen
birlikde, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda
arassaçylyk işlerini talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde,
döwlet Baştutanymyz sebitlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar
baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegine aýratyn üns bermek, ilatyň
elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini hem-de
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny
berk gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov