2025-nji ýylyň 19-njy
sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň maýa
goýum forumynyň jemleýji güni ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak,
innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny
pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan giň gerimli maslahatlar bilen başlady.
Forumyň
dowamynda ýurdumyzyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri, halkara maliýe
guramalarynyň hem-de daşary ýurtly maýa goýujylaryň gatnaşmagynda açyk pikir
alyşmalar geçirildi. Çykyş edenler dünýä ykdysadyýetindäki häzirki
tendensiýalara laýyklykda, Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmegiň, ýokary
tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň we eksport mümkinçiliklerini
giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Forumyň
jemleýji günündäki duşuşyklar daşary ýurtly işewürleriň türkmen bazaryndaky
mümkinçiliklere bolan gyzyklanmasynyň artandygyny görkezdi. Şeýle hem bu çäre
Türkmenistanyň halkara söwda we maýa goýum gatnaşyklaryndaky ornuny
pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy we innowasion ösüşi üçin möhüm
ädim boldy.
Türkmenistanyň
maýa goýum forumy döwletimiziň ykdysady syýasatynyň halkara hyzmatdaşlygyna we
tehnologiýa esasly ösüşine gönükdirilendigini tassyklady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.