Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-yrak wideoaragatnaşyk duşuşygynda hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi

16.06.2026
34

 

     2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  Yrak Respublikasynyň Kirkuk şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy S.al-Salihi bilen sanly ulgam arkaly gepleşik geçirildi.

     Wideoaragatnaşyk arkaly guralan  bu çärä Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili J.al-Attar hem gatnaşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

    Türkmen tarapy ýurduň dokma, azyk, ýeňil senagat hem-de deri harytlaryny Yrak bazaryna eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi. Öz gezeginde yrakly wekiller Kirkuk şäheriniň sebitdäki strategik we senagat ähmiýetine ünsi çekip, geljekde türkmen telekeçilerinden ybarat wekilçilikli topary öz ýurtlarynda garşylamaga hem-de täze hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmäge isleg bildirdiler.

    Şeýle hem yrakly işewürler Aşgabatda guraljak «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine çagyryldy.

   Geçirilen gepleşikler Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda  işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, hususy pudaklaryň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda strategik ädim boldy.

 

 

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                     Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň