2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Aşgabatda türkmen-horwat işewürler maslahaty
geçirildi. Işewürler maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnaldy.
Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Horwatiýanyň
döwlet düzümleriniň we dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen belli kompaniýalarynyň
wekilleri Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan işewür duşuşyga ýurdumyzyň
birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, jogapkär
işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny
kesgitlemekden, iki ýurduň telekeçiler düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary
işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Çäräniň başynda Türkmenistanyň ykdysady
üstünliklerini tanyşdyryş wideofilmi görkezildi.
Myhmanlaryň çykyşlarynda işewür toparlarynyň häzirki döwürde ykdysady
ösüşiň okgunly depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary
işjeňleşdirmäge ymtylýandygy tassyklanyldy. Işewürler giň gerimli milli
taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýdyp, özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini
beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy tegelek stol görnüşindäki türkmen-horwat
işewürler maslahatynyň örän netijeli we
işjeň geçip, iki ýurduň işewür toparlarynyň we hökümet wekilleriniň arasynda
göni gatnaşygyň ýola goýulmagynyň geljekki hyzmatdaşlyk üçin berk binýat döredendigini
belledi.
Maslahatyň yzysüre ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça has-da anyk ylalaşyklara gelmek maksady bilen «B2B» we «B2G» duşuşyklary gurnaldy. Uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ýola goýlan bu maslahat iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkemegine we giňeldilmegine täzeden itergi berjekdigini maslahata gatnaşyjylar uly ynam bilen bellediler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.