2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şarja emirliginde Türkmen-Emirlik işewürler forumy badalga aldy. Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Şarjanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasy tarapyndan bilelikde gurnaldy. Bu foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri we agzalary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibi ykdysady, maýa goýumlary, senagat pudaklarynda, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy öz içine aldy. Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, öňdebaryjy hünärmenleriň gatnaşmagynda panel çykyşlary, üstünlikli işewür taslamalarynyň görkezme çykyşlary, şeýle hem eksportyň ösüşi we maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýalar gurnaldy.
Çäräniň başynda Şarjanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy giriş sözi bilen çykyş etdi. Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow çykyş edip, mundan öňki “Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik forumynyň 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilendigini we bu günki forumyň hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda, ykdysady, maýa goýum we işewür gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Netijeli häsiýetde geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen B2B duşuşyklar guraldy. Munuň özi bilelikde durmuşa geçirip boljak taslamalar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.
Forumyň ahyrynda bu forumyň Türkmenistanyň hem-de BAE-niň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde mynasyp paýynyň boljakdygyna uly ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.