2025-nji ýylyň 10-njy oktýabry Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasy «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň
başlanmagy mynasybetli baýramçylyk ruhuna beslendi. Bu çäre Hormatly
Prezidentimiziň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
güni mynasybetli geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata
gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy. Gutlagda
bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň berk binýatly milli
saglygy goraýyş, bilim hem-de sport ulgamlary kemala getirildi. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş,
bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Halkymyzyň saglygy,
abadan hem-de bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny
goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa
keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş
goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, raýatlarymyzyň sagdyn
ösüşi bilen bagly meseleleri-de öz içine alýar.
Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik döredildi. Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürledi. Mahlasy, halkara sergi hem ylmy maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyşda, bilim ulgamynda we sportda ýeten belent sepgitleri aýdyň şöhlelendirýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.