Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara tejribeler bir meýdançada: Sergi öz işini dowam etdirýär

03.04.2026
32

        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi öz işini guramaçylyk derejesinde dowam etdirýär. Giň gerimli çäre häzirki zaman ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri bir ýere jemläp, işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berýär.

Serginiň meýdançasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen kompaniýalaryň hem-de ýurdumyzyň ýerli öndürijileriň önümleri we hyzmatlary giňden görkezilýär. Bu ýerde çig mallardan başlap, yşyklandyryş we awtomatlaşdyryş ulgamlaryna, akylly tehnologiýalardan gözegçilik ulgamlaryna çenli dürli ugurlarda innowasion çözgütler hödürlenýär. Şeýle hem elektrik-tehniki önümler, howpsuzlyk ulgamlary, ýyladyş, howa çalşygy we kondisioner ulgamlary boýunça häzirki zaman işläp taýýarlamalary gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

         Mundan başga-da, sergide dürli gurallar we enjamlar, internet çözgütleri, izolýasiýa we bezeg materiallary, keramika önümleri ýaly giň görnüşli önümçilik serişdeleri görkezilip, olaryň hil aýratynlyklary we mümkinçilikleri giňden tanyşdyrylýar. Bu bolsa gatnaşyjylar üçin täze hyzmatdaşlary tapmaga, netijeli işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge amatly şertleri döredýär.

         Sergi halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýan möhüm meýdança hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň dünýä ykdysady giňişligindäki ornunyň barha berkeýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň