11.06.2026
2026-njy ýylyň 9-10-njy iýunynda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň işewürler topary saparda bolup, bilelikdäki türkmen-özbek işewürler forumyna gatnaşdylar. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Daşaguz welaýat häkimligi tarapyndan gurnaldy.
Bu forum iki goňşy ýurduň serhetýaka sebitleriniň ykdysady we söwda mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirildi.
Maslahata goňşy döwletden Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Horezm welaýatynyň Maýa goýum, senagat we söwda müdirliginiň wekilleri, işewürler topary gatnaşdy.
Bilelikdäki Türkmen-Özbek işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň degişli welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, özara ylalşyklar gazanyldy.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň işewürler toparynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan “Daşoguz pagta egriji fabriginiň” ýokary hilli pagta ýüpliginiň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Kärhananyň sanly we awtomatlaşdyrylan ulgamlary, ekologiýa taýdan arassa önümleri özbek işewürlerinde uly gyzyklanma döretdi.
Özbek wekiliýeti sebitiň hususy pudagynyň kuwwatly wekilleriniň biri bolan “Amantaý” hususy kärhanasyna hem baryp gördi. Myhmanlar kärhananyň önümçilik tehnologiýalary, taýýarlanýan harytlaryň görnüşleri we iş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu tanyşlyk, hususy pudakda serhetüsti maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly itergi berdi.
Geçirilen bu forum Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky asyrlara uzan dostlukly, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.