Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda ykdysady üstünlikleriň sergisiniň ikinji güni ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär

19.09.2025
304

       Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi” ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär.

         Serginiň meýdançasynda ýurduň döwlet we hususy sektorynyň öňdebaryjy kärhanalary özleriniň soňky döwürde ýeten ykdysady ösüşlerini, ýokary tehnologiýaly önümlerini hem-de täze taslamalaryny tanyşdyrdylar. Ikinji günde sergä gelýän myhmanlaryň sany has-da artdy. Bu sergä daşary ýurtly myhmanlar, telekeçiler, hyzmatdaş kompaniýalaryň wekilleri hem gatnaşýarlar.

         Sergide kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri tarapyndan taýýarlanylan ýokary hilli, ýerli çig maldan öndürilen önümler, eksport ugurly täze harytlar uly isleg bilen garşylandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlaryň taýýarlan innowasion işläp düzmeleri bolsa ýaş alymlaryň ukyp-başarnygyny görkezdi.

       Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň giňden açylyp görkezilýän bu sergisi ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýany hökmünde çykyş edýär. Sergi öz işini 20-nji sentýabrda tamamlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň