30-31 Oktýabr 2025
Forum
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
30.10.2025
Germaniýa Federatiw Respublikasy Maýn boýundaky Frankfurt şäheri
Franfurtda Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty
tanyşdyrylar
2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Maýn boýundaky
Frankfurt şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri» atly giň gerimli
işewürlik çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň
beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.
Bu çäre Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogarlyk komitetiniň we Türkmenistanyň
Germaniýadaky Konsullygynyň goldawy bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Türkmen maslahatçylar topary”
hojalyk jemgyýetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyrylýar.
Iki günlük meýilnamanyň çäginde Türkmenistanyň hem-de çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýän ýurdyň işewürlik we döwlet edaralarynyň wekillerini, şeýle-de gyzyklanma bildirýän giň gerimli bilermenler toparyny
özünde jemlär.
Ösen tehnologiýalar we innowasiýa çözgütleri
bilen tapawutlanýan Germaniýa bilen, senagat kuwwatyny işjeň ösdürýän we maýa
goýumlar üçin täze mümkinçilikleri açýan Türkmenistan, strategik ähmiýete eýe
bolan aşakdaky ugurlarda özara hyzmatdaşlygy has-da berkidmegi maksat edinýär:
·
Maliýe we bank hyzmatlary;
·
Saglygy goraýyş we derman senagaty;
·
Söwda;
·
Ulag we aragatnaşyk;
·
Nebit-gaz we nebit himiýa senagaty
·
Oba hojalygy;
·
Dokma we ýeňil senagaty.
Forum milli ykdysady mümkinçilikleri beýan etmek,
geljegi uly taslamalary giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak, uzak möhletleýin
hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmak üçin
amaly meýdança hökmünde hyzmat
eder. Bilelikdäki başlangyçlar üçin täze gözýetimleri açyp, innowasiýalaryň
durmuşa geçirilmegine we öňdebaryjy tejribäni alyş-çalşygyna aýratyn ähmiýet
berler.
Çäräniň guramaçylary ähli işewür hyzmatdaşlary, maýadarlary we hünärmenleri
Germaniýadaky Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerine işjeň gatnaşmaga, üstünlikli hyzmatdaşlyk
ugrunda berk binýady döretmäge we täze mümkinçilikleri amala aşyrmaga
çagyrýarlar..
Resmi web-sahypalar:
Telefon belgileri:
+993 61 77 60 88 – Kemal Kutlyýew, Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklary bölüminiň başlygynyň
orunbasary
+993 12 75 36 48
+993 61 56 72 99
Elektron poçta salgysy:
kemalkutlyyev1@gmail.com
ted2025@tmt.tm
leyli.ccitm@gmail.com