“Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür ykdysady, syýasy we medeni ösüş strategiýasy” Milli meýilnamasynda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri diýlip deklarirlenýär. Hususy telekeçilik ulgamyna berilýän goldawa ulgamlaýyn häsiýeti bermek maksady bilen, 2011-nji ýylda, 2011-2015-nji ýyllar aralykda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça Döwlet meýilnamasy kabul edildi.
Türkmenistanda telekeçilik işlerini düzgünleşdirýän esasy resminamalar, aşakdaky Kanunlardan ybaratdyr: “Salgyt kodeksi”, “Raýatlyk kodeksi”, “Türkmenistanda telekeçilik işleri barada”, “Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet goldawy barada”, “Kärhanalar barada”, “Paýdarlar jemgyýetleri barada”, “Lizing barada”, “Erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary barada”, “Kärende we kärende gatnaşyklary barada”, “Daýhan hojalyklary barada”, “Aýry işleriň görnüşlerini lisenziýalaşdyrmak barada”, “Ýer kodeksi”, “Baha beriş işleri barada”.
Telekeçilik işleriniň umumy başlangyjyny kesgitleýän baza (esasy) kanuny, girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň 1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen “Telekeçilik işleri barada” Kanunydyr.
Türkmenistanyň 2009-njy ýylyň 5-nji awgustynda kabul edilen “Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy barada” Kanunyna laýyklykda, döwlet, kiçi we orta telekeçilige “toplumlaýyn, äşgär, elýeter, açyk goldawy” bermegi, “telekeçilik işlerinde erkinligi kepillendirmegi, şeýle-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hususyýetçiliginiň hukuklarynyň goralmagyny kepillendirmegi” borç edinýär. Kanuna laýyklykda, kiçi telekeçilik hukukly edara diýlip, orta hasap boýunça işçileriniň sany, pudagyna bagly, 25-e ýa-da 50-ä çenli, orta telekeçilik edara diýlip, pudagyna bagly, işgärleri 100 ýa-da 200-den köp bolmadyk edaralar hasap edilýär.
Şu Kanuna, şeýle-de 2008-nji ýylda “Özbaşdak telekeçiler tarapyndan amala aşyrylanda, ýeňilleşdirilen salgyt salmak we bellenen patent töleglerini ulanmak üçin işleriň görnüşleriniň sanawy barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, bellenen patent tölegini ulanmak arkaly ýeňilleşdirilen salgyt salma düzgünine gabat gelýän işleriň sanawy kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Kanunlary telekeçilere, birnäçe salgytlar boýunça gazna geçirilýän töleglere derek, girdejiden göterimde hasaplanylýan, bellenen salgyt töleglerini göz öňüne tutýan salgyt tölegleriniň beýleki ýeňilleşdirilen görnüşlerini ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle mümkinçilikleri berýän,Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşleri şulardan ybarat: Hukukly kärhanany döretmezden telekeçi (ýa-da Özbaşdak telekeçi) we Özbaşdak kärhana. Özbaşdak telekeçi ýeke-täk salgyt töleýär –2,2% girdejiden hasaplanan salgyt. Hukukly kärhana bolup durýan Özbaşdak kärhana bolsa, iki salgyt töleýär: 2% düşewüntden we 3% girdejiden. Hojalyk görnüşde hasaba alnan has uly kärhanalar /1/, Türkmenistanyň salgyt kanunlarynda göz öňünde tutulan hemme salgyt töleglerini amala aşyrýarlar.
Hususy telekeçiligiň, kiçi we orta telekeçiligiň işewür işjeňligine goltgy bermek, telekeçileriň bähbitlerini we hukuklaryny goramak, halal bäsdeşligi we biznesde sosial jogapkärçiligi goldamak üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2008-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesi döredildi. 2011-nji ýylyň iýunynda, guramanyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esasyny hukuk taýdan kesgitlän “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi barada” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulynda kabul eden “Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy barada” Kararynda, haryt we hyzmat önümçiligi bilen bagly maýagoýum meýilnamalary, şeýle-de 1 ýyl möhletli kärhananyň aýlaw serişdeleriniň üstüni dolmak üçin, kiçi we orta telekeçilige degişli kärhanalara, 5% salgytly, 10 ýyllyk möhlet bilen karz puly bermek göz öňüne tutulýar.
Hususy kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine goldaw bermek maksady bilen, 2011-nji ýylyň maýynda, “Mikro maliýe guramalary we mikro maliýeleşdirmek barada” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, onda mikro maliýe guramalarynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary we mikro maliýe guramalaryny maliýeleşdirmegiň ykdysady esaslary kesgitlendirildi, şeýle-de kanun, maliýe hyzmatlar bazaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!