“Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür ykdysady, syýasy we medeni ösüş strategiýasy” Milli meýilnamasynda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri diýlip deklarirlenýär. Hususy telekeçilik ulgamyna berilýän goldawa ulgamlaýyn häsiýeti bermek maksady bilen, 2011-nji ýylda, 2011-2015-nji ýyllar aralykda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça Döwlet meýilnamasy kabul edildi.
Türkmenistanda telekeçilik işlerini düzgünleşdirýän esasy resminamalar, aşakdaky Kanunlardan ybaratdyr: “Salgyt kodeksi”, “Raýatlyk kodeksi”, “Türkmenistanda telekeçilik işleri barada”, “Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet goldawy barada”, “Kärhanalar barada”, “Paýdarlar jemgyýetleri barada”, “Lizing barada”, “Erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary barada”, “Kärende we kärende gatnaşyklary barada”, “Daýhan hojalyklary barada”, “Aýry işleriň görnüşlerini lisenziýalaşdyrmak barada”, “Ýer kodeksi”, “Baha beriş işleri barada”.
Telekeçilik işleriniň umumy başlangyjyny kesgitleýän baza (esasy) kanuny, girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň 1991-nji ýylyň 12-nji noýabrynda kabul edilen “Telekeçilik işleri barada” Kanunydyr.
Türkmenistanyň 2009-njy ýylyň 5-nji awgustynda kabul edilen “Kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawy barada” Kanunyna laýyklykda, döwlet, kiçi we orta telekeçilige “toplumlaýyn, äşgär, elýeter, açyk goldawy” bermegi, “telekeçilik işlerinde erkinligi kepillendirmegi, şeýle-de kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hususyýetçiliginiň hukuklarynyň goralmagyny kepillendirmegi” borç edinýär. Kanuna laýyklykda, kiçi telekeçilik hukukly edara diýlip, orta hasap boýunça işçileriniň sany, pudagyna bagly, 25-e ýa-da 50-ä çenli, orta telekeçilik edara diýlip, pudagyna bagly, işgärleri 100 ýa-da 200-den köp bolmadyk edaralar hasap edilýär.

Dogry düzülen biznes-meýilnama diňe bir maýagoýum almak mümkinçiligi däl, eýsem, siziň kärhanaňyzyň üstünlikli ösmeginiň hem kepilidir. Meýilnama düzülende beriljek esasy maslahatlaryň sany diňe ikidir. Taýyn biznes-meýilnamany internetden almak maslahat berilmeýär: ony ulanyň, ýöne hemmesini özüňiz ýazyň.
Sowatly ýazylan biznes-meýilnama üç sany wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Birinjiden, esasy maksady aýdyňlaşdyrýar. Ikinjiden, haçan-da pikirler kagyz ýüzüne geçirilende, taslamany amala aşyryp boljakdygyny öwrenip we pikirini edip bolýar. Üçünjiden, biznes-meýilnama professional maýagoýumçylaryň ünsüni özüne çekmeli, bilip goýuň, olaryň wagty diňe taslamalara ýüzleý seredip geçmäge ýetýändir.
Düşnükli biznes-meýilnama döretmek, köp kelle döwmeleri, wagty we puly talap edýär. Meýilnamalary şol ugurdan ýöriteleşdirilen kompaniýalara buýrup bolýar. Ýöne telekeçiler köplenç maslahat berijilerden, hatda meseläniň esasy soraglaryna hem doly jogap berip bilmeýän, 30-40 sahypaly resminamalar alýarlar, ýagny kärhana näme bilen meşgul, girdeji nireden alynýar we şuňa meňzeşler.
Maýagoýumçylara olar ýaly biznes-meýilnamalar ýaramasa gerek. Eger-de, ilkinji birnäçe setirler okalanyndan soň, biznes-meýilnamanyň esasy manysy düşnüksiz bolsa, munuň özi meýilnamanyň ýalňyş düzülendigini aňladýar. Diňe bir konsepsiýanyň birsydyrgynlygy ýeterlik däl. Birnäçe setirde şu taslamanyň öz ulgamynda haýsy bäsdeşlik artykmaçlygynyň barlygyny düşündirip bilmeli, sebäbi maýagoýumçy siziň nähili ýagdaýda üstünlik gazanmakçy bolýandygyňyzy bilmek zerur.

1. Arzanyň tassyklanan görnüşi.
2. Esaslandyryjydan kärhanany açmak, Düzgünnamany tassyklamak, direktor bellemek, Düzgünnama gaznasy, hukuk salgysy, hasaba almak barada karary.
3. Düzgünnama iki nusgada.
4. Esaslandyryjynyň, direktoryň suratlary bilen şahsy listi, pasportyň nusgasy, zähmet depderçesiniň nusgasy.
5. Düzgünnama gaznasynyň 50% tassyklanmasy (1250 manat-100% iň pes Düzgünnama gaznasy, bankdan kepilnama ýa-da auditorlyk şertnamasy).
6. Hukuk salgysynyň barlygy barada hat bilen tassyklanmanyň barlygy – kärende şertnamasy ýa-da meýillilik şertnamasy (+ЕГРЮЛ göçürmesiniň we kärendä berijiniň Düzgünnamasynyň nusgalary).
7. Görnüşler barada kepilnama.
8. Hasaba almak üçin 200 manat töleg (Alyjy: Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Hasaplaşyk hasaby: 23 101 934 110 100 400 002 000 Salgyt kody: 101161002622 Türkmenistanyň merkezi banky MFO: 390101101).
9. Ýerine ýetiriljek işleriň görnüşlerini kesgitlemek üçin Statistikadan kepilnama (Türkmenistanda ykdysady işleriň görnüşleriniň Döwlet klassifikatoryna laýyklykda).
10. Ynanç haty (resminamalary taýýarlamak we almak üçin ýerine ýetiriji üçin).
11. Resminamalar skorosşiwatele goýulýar.
Wagtlaýyn göçürme alnandan soň
1. Häkimlikden hukuk salgyny tassyklaýan kepilnama.

 

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!