Önümçilik pudagynda üstünlik gazanmak isleýän telekeçiler makaron önümleriniň önümçiligine degişli telekeçilik işini alyp barmak barada pikirlenmelidirler. Emma bu iş üçin köp mukdarda başlangyç maýanyň bolmagy zerurdyr. Bu işiň esasy peýdaly aýratynlygy, ol hem makaron önümlerine ilat tarapyndan hemişe bildirilýän islegdir.
Işi ýola goýmak üçin gerekli resminamalar
Ilki bilen telekeçilik işiniň subýekti hökmünde hasaba durup, DYI HN-nyň kody 15.85- makaron önümleriniň önümçiligi diýip bellenilmelidir.
1. Sanitariýa-epidemilogiki gullugyndan degişli kepilnama alynmaly. Bu kepilnama azyk önümlerini öndürmek üçin ýeri ulanyşa girizmegiň rugsatnamasy bolup durýar.
2. Döwletiň ýerine ýetiriji häkimiýeti, ýangyn howpsuzlyk we ekologiýa gullugyndan rugsatnama alynmaly.
3. Sertifikatyň alynmagy. Makaron önümleriniň önümçiligi TDS (ГОСТ) Р52378-2005 laýyk gelmelidir. Sertifikat taýýar önümiň nusgasynyň hil boýunça ekspertleriň netijenamasy esasynda berilýär.

Enjamlaryň tehniki häsiýetnamasy
Häzirki günde ýurduň islendik sebitinde makaron önümlerini öndürmek üçin enjamlary öndürýän kompaniýa bardyr. Telekeçiniň esasy wezipesi baha derejesini kesgitlemek, käbir görnüşler bilen tanyşmak, iň gowusyny we elýeterlisini saýlamak bolup durýar. Hili ýokary boldugyça, enjamlaryň nyrhy hem ýokarlanýandyr.
Makarony öndürmek ulgamynyň birnäçe görnüşi bar. Olar:
- Ýygnamak (gurnamak);
- Awtomatiki konweýer. Konweýer satyn alynanda azyndan 1 million rubldan pes nyrh göz öňüne tutulmaly däldir.
- Ýarymawtomatlaşdyrylan ulgamlaryň bahasy 500-600 müň rubla deňdir.
Eger-de zerur bolan enjamlar aýratynlykda satyn alynsa, onda 300-400 müň rubldan artyk çykdaýjy edilmegi mümkin.
Ýygnalan ulgam makaron öndürmegiň iň arzan görnüşi bolup, kiçi önümçiligi gurnamak üçin bolar. Gerekli bolan maliýe serişdeler bar bolan ýagdaýynda konweýer satyn almagy maslahat berýäris. Bu desga önümçilik işini barha aňsatlaşdyrýar. Awtomatiki konweýerde ähli işler kompýuterleşdirilendir, unyň garylmagyndan başlap taýýar harydy gaplamaga çenli awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär. Önümçiligiň bu görnüşinde 1 işgäriň hyzmaty ýeterlikdir. Mundan başga-da awtomatiki usuldaky önümçiligiň kuwwatlylygy beýlekilerden has ýokarydyr,
Önümçiligi sagatda 250 kg bolan konweýeriň düzümi:
1. Gysyjy enjamlaryň toplumy:
- Uny taýýarlaýan düwün;
- Elemek;
- Basyş bermek;
- Basyş beriji toplumy dolandyrmak üçin pult;
- Bug bilen gaýtadan işlemek;
- Lotogyň aşagyna geçirmek.
2. Guradyjy toplumlar:
- Guradyjy kamera;
- Arabalar we lotoklar.
3. Paýlaýan we gaplaýan enjamlar:
- Egrimli lentalaýyn eltiji konweýer;
- Önümleri gaplamak;
- Gaplanan önümleri eltýän konweýer.

Makaron önümçiliginiň hadysasy

Önümçiligiň ýerini gözlemek we işgärleri hakyna tutmak.

Önümçilik ýerlerine aýratyn talaplar bildirilmeýär. Esasy talap, ol hem gerekli enjamlary gurnap boljak we taýýar önümleri ýerlemek we saklamak üçin ammar sygjak bina bolmalydyr. Ammar üçin 90 m2 –dan kem meýdan tutulmaly däldir. Sanitariýa-epidemilogiki gullugy bu otagda azyk önümçiligini ýerine ýetirmäge degişli rugsatnamany bermelidir.
Işgärleri saýlap almak.

Kompaniýanyň kadaly işlemegi üçin şu aşakdaky işgärler gerekli işgärler:
- menejer-dolandyryjy;
- ulgamlara hyzmat etmek üçin iki sany işçi;
- tehnolog;
- sürüji;
- hasapçy.
Öndürilen önümiň hili esasan tehnologa bagly bolup durýar, şol sebäpli tehnolog esasy işgärleriň biridir. Islendik kompaniýa menejer-dolanjyryjysy bolamazdan işleri kadalary alyp baryp bilmeýär. Ol taýýar önümiň ýerlenmegine jogap berýär. Ýerlemegiň birnäçe görnüşi bardyr:
- iri azyk ammarlary we bazalary bilen şertnama baglaşmak;
- öz sebitiňiziň söwda ulgamlary bilen ylalaşmak;
- Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny önümleriňiz bilen üpjün etmek (barlar, kafeler, naharhanalar we restoranlar);
- Çagalar edaralaryna makaron önümleri bilen üpjün etmek boýunça ýaryşda (tender) utuş gazanmak (çagalar baglary, mekdepler, dynç-alyş öýleri).

Maýa goýma we girdeýjini hasaplama.

Enjamlary satyn almak üçin çykdaýjylar (rublda):
- Uny eleýji – 9 000;
- Hamyr garyjy – 23 000;
- Makaronlar üçin press – 180 000;
- Guradyjy gap we lotoklar – 31 000;
- Taýýar önümi gaplamak üçin ulgam – 65 000.
Jemi – 308 000 rubl (başlangyç maýa goýum).

Işgärleriň iş haklary (rublda):
- menejer-dolandyryjy – 20 000;
- ulgamlarda işleri ýerine ýetirýän işçi – 20 000;
- tehnolog – 15 000;
- sürüji – 12 000.
Jemi – 67 000 rubl aýda.
Aýda iş hakly üçin tutulýan salgyt :
67 000 x 30% = 20 100 rubl
Çig-mallary satyn almak:
Makaron önümlerini öndürmek üçin zerur bolan düzüjiler – un we suw. 1 kg taýýar önüm öndürmek üçin 950 gr un gerekli bolar.
Gündelik önümçilik kuwwaty 100kg.
Aýda – 100kg x 22 iş güni = 2 200kg önüm.
Unyň lomaý bahasy – 12 rubl/kg. 950gr unyň bahasy – 11,4 rubl
Aýda – 11,4 rubl x 100kg x 22 iş güni = 25 080 rubl aýda.

Aýdaky çykdaýjylar(rublda) :
- kärende tölegi – 8 000;
- kommunal tölegler – 10 000;
- çig mallary satyn almak – 25 080;
- aýlyk iş haklar – 67 000 + salgyt 20 100;
- ulag çykdaýjylary – 12 000;
- gaplamak üçin paketlar – 4 000.
Jemi – 146 180 rubl aýda.

Önümçilikden geljek girdeýji

1 kg makaronyň bölek satuw nyrhy – ölçegleýin 30 rubl, gaplanan – 40 rubl. Girdeýji: GBüS (20%) – 40 – 8 = 32 rubl.
Jemi girdeýji: 2 200kg x 32 = 70 400rubl
15% salgyt tutumy hasaba alynanda geljek arassa girdeýji: 59 840 rubl
Önümçiligiň düşewüntliligi: 70 400/146180 x 100% = 48,2%

HALKARA SERGISINE!!!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Sizi 2018-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Senagat önümleriniň, enjamlarynyiň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi Türkmenistanyň pudak edaralarydyr kärhanalary üçin möhüm waka we ähmiýetli halkara çäresi bolar. Halkara sergisinde oňa gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň maýa goýum ýagdaýy we pudak kärhanalaryny ösdürmegiň geljekki ugurlary barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilikler bolar.

Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisi döwlet we hususy edaralarydyr kärhanalarynyň wekillerine tejribe alyşmak we duşuşmak üçin amatly şert döreder.
Sizi Senagat onümleriniň, enjamlarynyň we dowrebap tehnologiýalaryň halkara sergisinde hoş gördük.
Has giňişleýin maglumaty guraýjy topardan alyp bilersiňiz:
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Tel.:+993 12 39 38 88\38
Faks: +993 12 39 88 71
El.poçta: exhibition@cci.gov.tm, atanepes.exhibition@gmail.com, elena.exhibition@gmail.com

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!